Alymlar gan lagtalarynyň emele gelşini anykladylar

Şu gün, 10:403,111

Halkara alymlar topary gan lagtasynyň emele gelşiniň esasy şertiniň öň pikir edilişinden başgaça bolup geçýändigini anyklady. Financial Times gazetiniň habar bermegine görä, bu açyş ganyň uýaýşyndaky bozulmalary bejermekde täze çemeleşmelere ýol açyp biler.

Fransiýaly, beýik britaniýaly we şwesiýaly alymlar ganyň lagtalanyşynda möhüm orny eýeleýän belogyň — fibrinogeniň häsiýetini öwrendiler. Barlag işleri Fransiýanyň Grenobl şäherindäki Laue-Lanžewen institutynda geçirildi.

Öňler fibrinogeniň molekulalary howa täsir edende bir ýapgyt gatlaga düzülýär diýip hasap edilýärdi. Emma geçirilen tejribeler molekulalaryň kese ýerleşip, üst-üste goýlan kagyz petdesine meňzeş birnäçe gatlagy emele getirýändigini görkezdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, barlagyň netijeleri gemofiliýa keselini bejermekde we diabetli adamlarda glýukozanyň derejesini gözegçilikde saklamagyň has netijeli usullaryny işläp düzmekde ulanylyp bilner.

Şeýle-de ol dem alyş ýollarynyň agyr bozulmalaryny bejermekde möhüm bolup biler. Bu ýagdaýda öýken gaýnaglamasy sebäpli fibrinogen alweolalara aralaşyp, ol ýerde gan lagtalarynyň  emele gelmegine itergi berýär we dem alyş ýetmezçiligine getirip bilýär.

Alymlar fibrinogeniň özüni alyp barşyna täzeçe düşünmegiň bu howply ýagdaýyň bejergi usullaryny işläp düzmäge kömek etjekdigine bil baglaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.