Alymlar şu wagta çenli beýni saglygy üçin fiziki işjeňligiň möhümdigini nygtap gelýärdi. Emma Lancet Public Health žurnalynda çap edilen we 4,2 milliondan gowrak adamy öz içine alýan giň gerimli barlag hemme hereketiň deň derejede peýdaly däldigini aýan etdi.
Alnan maglumatlar demensiýa (akyl-huş kütekligi) döreme howpunyň adamyň nirede we nähili fiziki işjeňlikde bolýandygy bilen baglydygyny görkezdi.
Höwes bilen we saglyk üçin edilýän türgenleşikler töwekgelçiligi peseldýär
Eger siz boş wagtyňyzda ylgaýan, ýüzýän, welosiped sürýän, gezim edýän ýa-da tennis oýnaýan bolsaňyz, demensiýa uçramak ähtimallygyňyz, takmynan, 20% peselýär (bu Alsgeýmer keseline-de, damar demensiýasyna-da degişlidir).
Munuň sebäbi ýönekeý: şeýle maşklary biz öz islegimiz boýunça saýlaýarys, olar ruhy dartgynlylygy aýyrmaga kömek edýär, toparlaýyn ýa-da iki bolup oýnalýan sport oýunlary bolsa, ýakymly gürrüňdeşlik bilen birlikde, beýniniň kognitiw (akyl-huş) işjeňligini hem artdyrýar.
Iş ýerindäki fiziki zähmetiň täsiri düýbünden başgaça
Agyr fiziki işiň demensiýa töwekgelçiligini 20% ýokarlandyrýandygy belli boldy. Aslynda, bu tersine bolmaly ýaly. Ýöne ol diňe biziň göwnümize şeýle görünýär.
Hünärmenler munuň sebäbini işde düşýän agramyň «zyýanlylygynda» däl-de, eýsem, onuň ýakymsyz ýagdaýlar bilen - dartgynlylyk, birsyhlylyk, gyzykly akyl zähmetiniň ýoklugy, agyr zähmet şertleri we zyýanly endikleriň has köp bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
«Ýokary fiziki işjeňligi talap edýän zähmet, adatça, el bilen edilýän fiziki zähmetdir. Şeýle işlerde zähmet çekýän adamlaryň bilim derejesi, «ak köýnekliler» diýlip atlandyrylýan gullukçylara seredeniňde, pesräk bolýar. Şol sebäpli olaryň aň taýdan ruhlandyryjy işlerde işlemäge mümkinçiligi az, saglyga howp salýan zäherli maddalaryň täsirine düşmek töwekgelçiligi hem-de çilimkeşlik ýaly zyýanly endiklere ulaşmak ähtimallygy ýokary bolýar» diýip, London Uniwersitetiniň kollejiniň filosofiýa doktorlary Mika Kiwimýaki we Mark Hamer belleýär.
Şol bir wagtyň özünde, geçirilen barlagyň käbir özboluşly taraplary hem bar. Alymlar bu barada birnäçe bellikleri edýär:
-
Barlaglaryň köpüsinde adamlar öz fiziki işjeňligi baradaky sowalnamalary özleri doldurdylar, bu bolsa 100% takyk maglumat berip bilmeýär.
- Sebäp-netije baglanyşygynyň ornunyň çalyşmagy: demensiýanyň iň irki (entek bildirmeýän) tapgyrlaryndaky adamlarda, köplenç, keseliň ilkinji alamatlary (biperwaýlyk ýa-da ýadawlyk) sebäpli fiziki işjeňlik öz-özünden peselip başlaýar. Şonuň üçin barlaglarda ylgamagyň we gezim etmegiň beýnini goramakdaky peýdasy birneme ulaldylyp görkezilen bolmagy-da ähtimal.
Muňa garamazdan, esasy netije öňküligine galýar: ruhy lezzet üçin we öz saglygyňy berkitmek maksady bilen yzygiderli hereket etmek beýni saglygyňy uzak möhlete saklamagyň iň ygtybarly usulydyr.