Dünýäniň dört gezek çempiony bolan Maks Werstappeniň ýyllyk gazanjy Red Bull bilen baglaşan täze şertnamasyna görä 100 million dollardan kän bolar. Bu barada žurnalist Jo Seýwardyň maglumatyna salgylanyp GPblog habar berýär.
Kompaniýa niderlandly sürüji bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Öňki şertnamasy boýunça Werstappen ýylda 65 million ýewro töweregi gazanýardy. Indi onuň esasy zähmet haky, takmynan, 100 million dollara deň bolar, bonuslar bilen bolsa 120 million dollardan hem geçip biler.
Eger bu maglumatlar dogry bolsa, Werstappen Formula 1-de iň köp hak alýan sürüji bolar. Forbes-iň maglumatyna görä, Ferrari-niň sürüjisi, ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton ýylda, takmynan, 70 million dollar gazanýar. Onuň topardaşy Şarl Lekler bolsa 30 million dollar zähmet haky bilen üçünji orunda durýar.
Werstappen 28 ýaşynda. Ol 2016-njy ýyldan bäri Red Bull toparynda çykyş edip gelýär. Şu döwürde niderlandly türgen 2021, 2022, 2023 we 2024-nji ýyllarda dünýäniň çempiony boldy. Ol Formula 1-iň Gran-prisinde 71 gezek ýeňiş gazandy, şeýle hem Red Bull topary bilen iki gezek Konstruktorlaryň kubogyny utdy.