Ýalňyzlyk we jemgyýetden üzňe durmuş adamyň gurp-gurbatyny ýitirmän, keselsiz ýaşap biljek ömrüni ep-esli gysgaldyp bilýär. 277 489 adamyň maglumatyny öwrenen alymlar şeýle netijä geldiler.
Iň uly tapawut hem-ä ýalňyz, hemem jemgyýetden üzňe ýaşaýan erkeklerde ýüze çykdy. Alymlaryň hasaplamasyna görä, bu ýagdaý olaryň sagdyn ýaşap biljek ömründen ortaça 5,8 ýyly kesýär.
Barlagçylar işlerinde Beýik Britaniýanyň biobankynyň (UK Biobank) maglumatlaryny peýdalandylar. Olar 40–69 ýaş aralygyndaky adamlaryň maglumatlaryny seljerdiler. Barlagyň başynda gatnaşyjylarda süýji keseli, ýürek-damar we dem alyş ýollarynyň keselleri, rak, şeýle hem was-waslyk we birahatlyk ýaly ýedi sany esasy keseliň hiç biri bolmadyk adamlary saýladylar.
Ýalňyzlygyň we jemgyýetden üzňeligiň derejesi birnäçe görkeziji boýunça kesgitlenildi. Olaryň arasynda jübüt bolup ýaşamak, beýleki adamlar bilen aragatnaşygyň ýygylygy we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak ýaly ölçegler bardy.
Gatnaşyjylar dört topara bölündi: bu ýagdaýlaryň hiç birine degişli bolmadyklar, ýalňyz ýaşaýanlar, jemgyýetden çetleşenler we bu iki ýagdaýy-da bilelikde başdan geçirýänler.
Zenanlarda ýalňyzlyk bilen jemgyýetden üzňeligiň utgaşmagy ruhy (psihik) taýdan rahat ýaşalýan ömrüň ortaça 3,7 ýyl gysgalmagyna getirdi. Fiziki saglyk boýunça bu tapawut birneme az: zenanlarda 2,4 ýyl, erkeklerde bolsa 1,7 ýyl.
Alymlar seljerme geçirilende gatnaşyjylaryň ýaramaz endiklerini, beden agramyny, fiziki işjeňligini, iýmitlenişini we ukusyny alyş derejesini hem göz öňünde tutdular. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek jemgyýetden çetleşen adamlarda keselsiz geçýän ýyllaryň ýitgisini azaltmaga kömek etdi.
Şeýle-de bolsa, barlagyň netijelerine baha berlende bir möhüm ýagdaýy göz öňünde tutmak gerek. Ýalňyzlyk bilen jemgyýetden üzňelik hemişe bir zady aňlatmaýar. Beýleki adamlar bilen az gatnaşyk edýän adama jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak we täze adamlar bilen tanyşlyk kömek edibem biler. Ýöne eger adam töweregi janly-jemendeden doly wagtynda-da özüni ýalňyz duýýan bolsa, onda oňa näçe gezek, näçe adam bilen duşuşanyň hem parhyna boljagy gümana.
Barlagyň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda çap edildi.