BSGG Ugandany Eboladan azat diýip yglan etdi

Şu gün, 11:561,557

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Ugandada 42 günüň dowamynda hiç hili täze kesel alamatlarynyň hasaba alynmanlygyny nazarda tutup, ýurdy Eboladan azat diýip yglan etdi.

​Epidemiýa döwründe jemi 20 adamda kesel ýüze çykaryldy, olaryň hemmesi diýen ýaly, goňşy Kongo Demokratik Respublikasyndan gelen eken. Ýokanç degen hassalaryň ikisi aradan çykdy.

​«Ugandada 16-njy iýulda Ebola bilen keselländigi tassyklanan syrkawyň hassahanadan çykarylanyna 42 gün geçdi. Soň bu ýagdaý bilen baglanyşykly ýokanç alamatlary ýüze çykarylmady. Bu bolsa epidemiýanyň tamamlanandygyny aňladýar» diýip, guramanyň X platformasyndakaty sahypasynda habar berilýär.

​BSGG şeýle hem hökümetiň, lukmanlaryň we olaryň hyzmatdaşlarynyň epidemiýany saklamak we onuň mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almak üçin gören çärelerine ýokary baha berdi.

​«Biz töwekgelçiliklere, ýokanjyň ýurduň içine aralaşyşynyň yzygiderliligine we hereketine baha bermek arkaly, Eboladan azatdygymyza göz ýetirdik. Ýöne bellenilen düzgün-talaplara görä, BSGG muny yglan etmek üçin biraz garaşmaly boldy» diýip, Ugandanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň hemişelik sekretary Diana Atwin NTV teleýaýlymyna beren söhbetdeşliginde aýtdy.

​Şonuň ýaly-da, Atwin epidemiýa döwründe Uganda syýahat etmek boýunça çäklendirme girizen ýurtlara indi bu gadagançylykdan ýüz öwürmäge çagyrdy:

​«Eger olarda başga sebäpler ýok bolsa, olar ýurdumyzyň üstündäki çäklendirmeleri gürrüňsiz aýyrmalydyr, ugandalylar islän ýurduna arkaýyn gidip-gelip bilmelidir».

​Uganda şeýle hem Kongo DR-de Ebola bejeriş merkezleriniň ýene ikisini açmak meýilnamasyny yglan etdi. Indi olaryň umumy sany dörde ýeter.

​15-nji maýda epidemiýa yglan edileli bäri, Kongo DR-de 5600-den gowrak kişiniň ýokançlyga uçrandygy tassyklandy, olaryň 2700-den gowragy kesel zerarly aradan çykdy. Bu taryhda iň çalt ýaýraýan epidemiýa hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.