Fransiýanyň lukmançylyk ätiýaçlandyryş ulgamy dowamly ýadawlyk ýagdaýyny ýa-da lukmançylyk dili bilen aýdylanda, mialgik ensefalomieliti özbaşyna hroniki kesel hökmünde resmi taýdan ykrar etdi. Edaranyň saýtynda keseliň aňlatmasy täzelenip, onuň «psihiatrik ýa-da psihologik bozulma» diýlip häsiýetlendirilýän düşündirişleri aýryldy. Bu barada Euronews habar berýär.
Indi bu kesel «hatda az mukdarda fiziki güýç sarp edilenden soň hem dowam edýän, tapdan düşüriji ýadawlygy hem-de umumy hal-ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna getirýän ýagdaý» hökmünde beýan edilýär. Täzelenen maglumatda mialgik ensefalomielitiň psihologik bozulma hasaplanylmaly däldigi aýratyn nygtalýar.
Bu çözgüt halkara tekliplerini we täze ylmy maglumatlary nazara alyp kabul edildi.
Ýyllaryň dowamynda bu kesel gelip çykyşy boýunça psihologik ýagdaý hökmünde kabul edilip, ondan zeýrenýänler ynamsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýardylar. Fransiýanyň mialgik ensefalomielit assosiasiýasynyň başlygy Pýetro Tome bu üýtgeşmäniň şeýle hassalar üçin örän möhüm ädimdigini belläp geçdi.
Fransiýanyň lukmançylyk ätiýaçlandyryş ulgamynyň maglumatyna görä, ýurt boýunça bu kesel bilen ýaşap ýören uly ýaşly adamlaryň sany takmynan 200 müňe barabar.
Onuň esasy alamatlarynyň hatarynda görnetin sebäpsiz aýlap dowam edip biljek güýçli ýadawlyk, dynç alyşdan we ukudan soň hem gowulaşma alamatlarynyň bolmazlygy, şeýle hem fiziki ýa-da pikir işjeňliginden soň ýagdaýyň düýpli ýaramazlaşmagy görkezilýär.