Beýonse Kolumbiýadaky ýertitremeden ejir çekenlere $1 mln bagyş etdi

Düýn, 15:153,435

Beýonse Kolumbiýada bolup geçen ýertitremeden ejir çekenlere kömek etmek üçin öz hususy serişdelerinden 1 million dollar bagyş edýär. Bu barada onuň «Parkwood Entertainment» saz studiýasy habar berdi.

Kömek puly häzirki wagtda ejir çeken sebitlerde işleýän guramalara geçiriler. Serişdeler azyk önümlerini we iň zerur harytlary satyn almaga sarp ediler.

Öňräk kolumbiýaly aýdymçy Şakira hem tebigy betbagtçylykdan uly zyýan çeken Çoko departamentinde 10 sany täze mekdep gurmak üçin serişde bölüp berjekdigini aýdypdy.

10-njy awgustda Kolumbiýada 7,4 bal güýjünde ýertitreme boldy. Tebigy betbagtçylykda azyndan 331 adam heläk boldy, 4,4 müňden gowrak adam bolsa şikes aldy. 31 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy doly ýykyldy, mekdepleri, hassahanalary we köprüleri goşanyňda 178 müňden gowrak bina dürli derejede zyýan çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.