Robotlar öz Olimpiadasyny geçirdi: «ynsanpisintleriň» ýaryşyndan iň gyzykly pursatlar

Şu gün, 13:493,735
1 / 5

Pekin şäherinde geçirilen 2026-njy ýylyň Bütindünýä ynsanpisint robotlarynyň II oýunlarynyň Guramaçylyk topary ýaryşyň jemleýji medal sanawyny tassyklady (edil Olimpiada oýunlaryndaky ýaly).

Altyn medallaryň we umumy utuklaryň sany boýunça birinji orny eýelän «Agibot» kompaniýasy ýaryşyň baş ýeňijisi boldy. Bu hytaý kompaniýasynyň robotlar topary 18 altyn, 16 kümüş we 12 bürünç – jemi 46 medal gazandy.

Bu bäsleşikler «Agibot» üçin ilkinji uly synagdyr. Ýörite sport görnüşine niýetlenmedik adaty köpçülikleýin önümçilikdäki 4 sany model kompaniýa uly üstünlik getirdi:

  • OmniHand — hereketleriň takyklygy boýunça geçirilen 8 ugruň hemmesinde hem finala çykmagy başaran bu robot-manipulýator 7 sany altyn medal gazandy (synaglaryň arasynda bölekleri ýygnamak, tozy çekip ölçemek we nohut dänelerini jübtek bilen tutmak ýaly ýumuşlar bar).
  • Agibot X2 — «AGILE» emeli aň ulgamyna esaslanýan ynsanpisint robot päsgelçilikli 100 metr aralyga ylgawda altyn medal gazandy, şeýle hem 400 metr aralykda kümüş we bürünç medallary eýeledi.
  • Agibot A3 — «Taýçi» söweş sungaty boýunça hereketleri sazlaşdyrmak bäsleşiginde kompaniýa altyn medal getirdi.
  • Agibot G2 — kitaphana hyzmaty, myhmanhana gullugy we adatdan daşary ýagdaýlardaky halas ediş işleri ýaly ähmiýetli ugurlarda 5 sany altyn medal gazandy.

Guramaçylar diňe tekiz ýoda üçin ýöriteleşdirilen bäsdeşlerinden tapawutlylykda, «Agibot» robotlarynyň zawodlarda we hyzmat ediş ulgamlarynda işe doly taýýardygyny subut edendiklerini belläp geçdiler.

Bäsleşige umuman iki müňe golaý robot gatnaşdy. Olar tennis we futbol oýnadylar, ylgadylar, boks hem agyr atletika boýunça bäsleşdiler. Elbetde, her dürli bökdençliklere-de gabat gelindi.

Ylgaw wagtynda robotlaryň ýykylany bar, gorag diwaryny baryp süseni bar, biri-birine büdräp ýöreni haýsy. Hatda arasynda ikä bükülip ýatyberenlerem tapyldy. Futbol meýdançasynda topy pys depip, garşydaşlary hem topardaşlary bilen çaknyşyp ýörenem; boksçularyň boş ýere ýumruk urup, germewden aşak ininişem, ştangany galdyrjak bolup, ýykylyp ýörenlerem boldy.

Şeýle-de bolsa, bäsleşikde rekordlar hem hasaba alyndy. «Lightning» atly robot 100 metri 9,32 sekuntda ylgap geçdi. Şeýlelikde, ol 2009-njy ýylda rekord (9,58 sekunt) goýan Useýn Bolduňkydan hem ýokary netijäni görkezmegi başardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.