Twitter Ilon Maskdan birugsat gaýtadan işläp başlady

29.08.2026, 13:204,297

Operation Bluebird amerikan startapy öň Ilon Mask tarapyndan X diýlip üýtgedilen Twitter-iň adyna we köne logotipine diýseň meňzeş bolan Twitter.now sosial ulgamyny döretdi. Bu taslama startap bilen Maskyň kompaniýasynyň arasyndaky kazyýet dawasyndan soň peýda boldy.

Täze Twitter-iň dörediljekdigi barada geçen ýylyň dekabr aýynda belli bolupdy. Operation Bluebird kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiwen Kouts öň Twitter-de baş hukuk geňeşçi bolup işläpdi. Ol Maskyň sosial ulgamy satyn alyp, adyny-da X diýip üýtgetmegi bilen bir wagtda, öňki brendden we oňa degişli intellektual eýeçilik hukugyndan ýüz öwrendigini habar berdi. Şundan soň Operation Bluebird Twitter haryt nyşanlaryna öz eýeçilik hukugyny yglan etdi.

X kompaniýasy derhal kazyýete ýüz tutup, täze gullugyň işe girizilmeginiň öňüni almagy talap etdi. 2026-njy ýylyň aprel aýyndaky diňlenişiklerde Delawer etrap kazyýetiniň kazysy Kolm Konnolli X kompaniýasynyň «twit» sözüne, guş şekiline we hatda Twitter adynyň özüne bolan intellektual talaplaryndan göz-görtele ýüz dönderendigini deslapky görnüşde mälim etdi. Edil şol wagt kararyň ýazmaça nusgasy çykarylmandy. 

Twitter.now köp babatda öňki sosial ulgamy ýatladýar. Bu ýerde jogaplar we retwitler bar, paýlaşylan her bir mazmuny bolsa Google Gemini binýadyndaky Vera emeli aň guraly bilen barlanylýar. Kouts oňa bilgeşleýinden birnäçe ýalan habarlary ýerleşdirip, ulgamy barlagdan geçiribem görkezdi.

Saýtda Twitter.now ulgamynyň Ilon Maskyň kompaniýasy bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugy aýratyn bellenilýär. Hünärmenler dawanyň mundan beýläkki çözgüdi barada bir netijä gelip bilmediler. Ýöne sosial ulgamyň  işe girizilmegi X tarapyndan täze hukuk meseleleriniň gozgalmagyna getirmegi ähtimal.