Londondaky Milli newrologiýa we neýrohirurgiýa hassahanasynyň lukmanlary beýnidäki çişi aýyrmak operasiýasy wagtynda ilkinji gezek emeli aňdan üstünlikli peýdalandylar. Bu barada The Guardian gazeti habar berýär.
Bu ulgam hirurglara gönümel operasiýa gidip duran wagty möhüm nerwleri we gan damarlaryny tapmaga kömek etdi. Bu bolsa 48 ýaşly hassanyň görüş ukybyny saklap galmaga mümkinçilik berdi.
11 millimetr ululykdaky çiş gipofizde ýerleşýärdi. Bu zolakda gan damarlary, gipofiz mäzi we görüşe jogap berýän nerwler biri-birine örän ýakyn ýerleşýär. Operasiýa wagtynda goýberilen ujypsyzja ýalňyşlyk hem körlüge, insulte ýa-da ölüme sebäp bolup bilýär.
Operasiýanyň dowamynda emeli aň kameralar arkaly alnan şekilleri seljerip, lukmanlara iň ownuk anatomiki gurluşlary kesgitlemäge ýardam berdi. Ulgam reňk kodlamasyny ulanýar. Oňa köp sanly hirurgiki operasiýalaryň wideoýazgylary esasynda tälim berlipdir.
Operasiýa maý aýynda geçirildi, emma hassa Ris Hibbert doly sagalýança maglumatlar gizlin saklandy. Operasiýadan bary-ýogy bir hepde geçenden soň, ol äýneksiz we hasasyz, özbaşdak ýöräp başlady. Soňra ol adam müşderilere hyzmat etmek boýunça menejer wezipesindäki işine gaýdyp bardy.
Mundan öň bu tehnologiýa diňe ylmy-barlag işlerinde peýdalanylýardy, gös-göni hakyky operasiýa gidip duran wagty ulanylmaýardy. Bu gezegem operasiýany hirurglar özbaşdak ýerine ýetirdi, emeli aň bolsa goşmaça gural hökmünde hyzmat etdi.