Towuk eti Ýer ýüzünde iň köp sarp edilýän et boldy. 2006-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda onuň önümçiligi azyndan 1,5 esse artdy diýip, «Financial Times» neşiri ýazýar.
2023-nji ýylda dünýäde 76,2 mlrd towuk ýetişdirildi, 2006-njy ýylda bu görkeziji 48,3 mlrd towuga deňdi. Şeýle ete, esasan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde, Amerikada we Ýewropada isleg köp bildirilýär. Hytaý we ABŞ global islegiň üçden bir bölegini üpjün edýär. BMG-niň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda towuk eti önümçilik göwrümi boýunça doňuz etinden öňe geçdi.
XXI asyrda towuk eti köpler üçin belogyň esasy çeşmesine öwrüldi. Şeýle hem onuň artykmaçlygy towuklary iýmitlendirmegiň aňsat hem-de arzan bolmagy, etiniň bolsa islendik aşhana, dine we baha segmentine laýyk gelmegidir.
Mundan başga-da, towuk eti ykdysady taýdan hem bähbitlidir. Sebäbi guşy bölüp, böleklerini olaryň has gymmat durýan ýerinde satmak bolýar. Mysal üçin, towuk penjeleri günbatar bazarlarda gowşak satylýar, ýöne Hytaýda olara isleg ýokary.
Hünärmenleriň çaklamasy boýunça, towuk etiniň meşhurlygy artmagyny dowam etdirer.