Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII-ä onuň kakasy, Patyşa Harald V-niň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde aýdyldy.
«Patyşa Harald V çuňňur paýhas we jogapkärçilik bilen köp ýyllaryň dowamynda Norwegiýanyň yzygiderli ösüşi we onuň halkynyň agzybirliginiň berkidilmegi ugrunda zähmet çekdi» diýip, Prezidentiň hatynda bellenilýär.
Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hokon VIII-ä, onuň maşgala agzalaryna we Norwegiýanyň halkyna tüýs ýürekden gynanç bildirdi we medet beriji sözleri beýan etdi.
Harald V 28-nji awgustda Oslo şäherindäki hassahanada aradan çykdy. Ol 89 ýaşyndady. Patyşa tagtyna onuň mirasdüşeri, 53 ýaşly ogly Hokon geçdi. Ol täze monarh hökmünde Hokon VIII diýen ady kabul etdi.