Karib deňziniň düýbünden «pişikgöz» akula tapyldy

Düýn, 12:026,626
1 / 22

Trinidad we Tobagonyň suwlarynda deňiz düýbünde geçirilen ilkinji ýerli ekspedisiýanyň dowamynda barlagçylar deňiz jandarlarynyň ylym üçin täze 20 görnüşini tapdy. Mundan başga-da, alymlar bu ada döwletiniň suwlarynda öň duş gelinmedik azyndan 54 görnüşi hasaba aldylar diýip, Discover Wildlife neşiri ýazýar.

Iň täsin açyşlaryň biri hem pişigiňkä meňzeş gözleri üçin şeýle atlandyrylan ýalan pişik-akula (false catshark) boldy.

Şeýle hem alymlar örän gaba garynly gara ýuwdarha balygyny kamera düşürip bilipdirler. Bu balyk özündenem uly awy ýuwudyp bilýäni üçin şeýle garynlak bolýar. Şonuň ýaly-da, barlagçylar leňňeçlere we gurçuklara iým bolan mantanyň läşini tapdy.

Topar öň öwrenilmedik deňiz düýbüniň 11 335 inedördül kilometrden gowrak meýdanyny karta girizdiler. Alymlar sowuk suwly syzylmanyň 25 ekoulgamyny deňiz çökündilerinden metanyň we kükürtli wodorodyň çykýan ýerlerini tapdy. Olaryň töwereginde karbonat gurluşlary we rifler emele gelýär. Tapylan iň uly suwly syzylma ekoulgamy ýarym akra golaý meýdany eýeleýär hem-de midiýalar we turba pisint gurçuklar bilen örtülen.

"Trinidad we Tobagonyň taryhynda ýerli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan ilkinji deňiz düýbüne syýahat hökmünde bu açyşlar, Karib sebitiniň alymlarynyň öz deňiz düýbüniň dünýäsini garaşsyz ýagdaýda öwrenip biljekdiklerini görkezýär" diýip, ekspedisiýanyň baş ylmy ýolbaşçysy Diwa Amon belleýär.

Wideo düşürmek we nusgalary ýygnamak üçin Şmidtiň okean institutyna degişli bolan, uzakdan dolandyrylýan SuBastian suwasty enjamy ulanyldy. Topar bu enjamyň kömegi bilen 700-den gowrak nusga ýygnady.

"Deňiz düýbünde ýaşaýan gubkalaryň, merjenleriň we deňiz hyýarlarynyň 86-dan gowrak görnüşine degişli dokumalary sowukda saklamak (kriokonserwasiýa) arkaly, biz geljekde ekoulgamda bolup biljek üýtgeşmelere düşünmek üçin gymmatly binýat hökmünde hyzmat edýän janly biologik serişdeleri gorap saklaýarys" diýip, Florida Atlantik uniwersitetiniň Harbor Branch Okeany öwreniş institutynyň alymy Megan Konkling düşündirdi.

Alnan nusgalar Sent-Awgustindäki West-Indiýa uniwersitetiniň Zoologiýa muzeýinde saklanar. Diwa Amon ekspedisiýanyň netijeleriniň geljekde Trinidad we Tobagonyň deňiz serişdeleriniň dolandyrylyşyna, şol sanda deňiz goraghanalarynyň döredilmegine kömek etjekdigine bil baglaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.