Beýik Britaniýada çarlaklar her ýyl ýerli ilatdan we syýahatçylardan, takmynan, 171 mln funt sterlinge (231,5 mln dollara) barabar iýmit ogurlaýar. Bu barada «Compare the Market» kompaniýasynyň barlag işine salgylanyp, «The Independent» neşiri ýazýar.
Kompaniýa 2 müň sany uly ýaşly britaniýalynyň arasynda pikir soraşma geçirdi. Olaryň 70%-den gowragy ömründe, iň bolmanda, bir gezek çarlaga iýmitini aldyran eken. Şeýle-de bu guşlaryň, köplenç, balyk we kartoşka fri, sendwiç hem-de doňdurma ogurlaýandygy belli boldy.

Britaniýalylaryň 76%-i çarlaklaryň höregi ogurlamagynyň öňüni almak üçin açyk howada garbanýan ýerini ýa-da usulyny üýtgedendigini aýdýar. Olaryň 32%-i köçede zat iýmekden doly ýüz öwüren bolsa, takmynan, ýene üçden biri iýmitini guşlara aldyrmazlyk üçin tizjek iýip-içmäge başlandyklaryny aýtdy.
Soňky ýylyň dowamynda Beýik Britaniýada her adam başyna çarlaklar tarapyndan ortaça 0,8 gezek iýmit ogurlygy hasaba alyndy. Ogurlanan bir önümiň ortaça bahasy 5,5 funt sterlinge (7,4 dollara) barabar.
Barlaglaryň geçirilýän döwründe Margit şäherinde «Çarlaklardan kepillik» ady bilen adatdan daşary aksiýa badalga berildi. Ýerli kafeleriň birinde eger myhman balyk bilen kartoşka frisini guşa aldyrsa, oňa gaýtadan bir paý mugt berilýär. Zyýanyň öwezini dolmak üçin 1000 funt sterling (1353 dollar) bölünip goýuldy. Aksiýa bu pul gutarýança dowam edýär.