Apple «Döredijilik şöhrat zalyna» giren ilkinji brend boldy

02.09.2026, 14:401,987

Apple dizaýn, brending we marketing aragatnaşyklary pudagyndaky üstünlikleri belleýän One Club for Creativity guramasynyň «Döredijilik şöhrat zalyna» girizilen ilkinji brend boldy. Mundan öň bu sanawa diňe meşhur şahsyýetler, şol sanda Wolt Disneý we Endi Worhol ýaly ägirtler girizilipdi.

Gurama Apple-iň birnäçe meşhur mahabat kampaniýasyny aýratyn belledi. Olaryň arasynda:

  • Macintosh kompýuterini mahabatlandyrýan «1984» wideoşekili.
  • Tans edýän adamlaryň sudurlary bolan iPod mahabatyny goşmak bilen birlikde «Think Different» marketing kampaniýasy.
  • Mac kompýuteriniň Windows-dan üstündigini görkezmek maksady bilen döredilen «Get a Mac» satiriki wideoşekiller toplumy.
  • Häzirki güne çenli dowam edýän «iPhone-da surata düşürildi» kampaniýasy.
  • Howpsuz we hususy enjam hökmünde görkezilýän «Privacy, that's iPhone» ýaly beýleki mahabat başlangyçlary bar.

Gyzykly tarapy, Apple-iň esaslandyryjylarynyň biri bolan Stiw Jobs bu sanawa baryp, 2012-nji ýylda girizilipdi.

Şol bir wagtyň özünde, Apple mundan beýläk goldaw almagyny bes edýän enjamlarynyň sanawyny täzelemegini dowam etdirýär. Möwriti geçen önümleriň sanawyna 2018-nji ýylyň «MacBook Air Retina», dört sany «Thunderbolt 3» porty bolan 2018-nji ýylyň 13 dýuýmlyk «MacBook Pro» we şeýle portlaryň ikisi bolan 2017-nji ýylyň 13 dýuýmlyk «MacBook Pro» modelleri girizildi.

Öň bu modeller könelişen hasaplanýardy. Apple enjamyň satylmagy bes edilenden ýedi ýyl geçensoň, ony möwritini ötüren enjamlaryň sanawyna girizýär we adatça, bejeriş üçin abatlaýyş şaýlaryny öndürmegi hem bes edýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa şeýle önümler üçin 10 ýylyň dowamynda akkumulýatorlary çykarmagyny dowam etdirýär, şol sebäpli käbir müşderilere batareýany çalşyrmak mümkinçiligi häzirem elýeterli bolup biler.