Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň täze Patyşasyny gutlady

Şu gün, 08:551,378
1 / 2

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Hokon VIII-ä Norwegiýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Hokon VIII-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Norwegiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Hokon VIII 1991-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyran 89 ýaşly kakasy, Patyşa Harald V aradan çykandan soň, 28-nji awgustda tagta çykdy. 1-nji sentýabrda ol Norwegiýanyň parlamentinde wepalylyk barada kasam kabul etdi. Şol pursatdan başlap, onuň uly gyzy, şa gyzy Ingrid Aleksandra resmi taýdan tagt mirasdüşeri boldy.

Norwegiýanyň däp-dessury boýunça, ýurtda resmi täç geýdiriş dabarasy geçirilmeýär. Häkimiýetiň geçmegi öňki hökümdar aradan çykandan soň awtomatik usulda amala aşyrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.