Toyota ABŞ-da Graeter’s marketing kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda özi üçin adaty bolmadyk marketing çäresine başlady. Bu gezek awtoulag öndürijisi Salted Caramel Chip Wheels atly doňdurma kökesini bazara çykardy.
12 sany kökeden ybarat bir gutynyň bahasy 86 dollara durýar.
Çäräniň esasy maksady — Toyota Sienna miniweni üçin niýetlenen FridgeBox sowadyjysyna alyjylaryň ünsüni çekmek. Kompaniýa agzalan kökäniň tutuş bir gutusyny sowadyja sygdyryp bolýandygyny aýratyn nygtaýar.

Salted Caramel Chip Wheels — bu şokolad owuntykly iki sany tegelek (tigir şekilli) kökäniň arasynda duzly karamel doňdurmasy salnan süýji önümdir. Bu «injenerçilik desertini» onlaýn görnüşde sargyt edip bolýar.
FridgeBox sowadyjysy Sienna ulagynyň Platinum toplumyna girýär. Miniweniň bu görnüşiniň ABŞ-daky bahasy 58,7 müň dollardan başlanýar. Sowadyjy öňdäki oturgyçlaryň arasyndaky merkezi konsola ýerleşdirilýär.
Ýeri gelende bellesek, Toyota Sienna miniweni 245 at güýjüne eýe bolan 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda işleýän gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr. Motor wariator görnüşli transmissiýa bilen utgaşdyrylýar.


Awtoulag brendleriniň wagtal-wagtal şeýdip, iýmit marketingine ýüz urubermegi täze zat däl. Meselem, 2024-nji ýylda Volkswagen ABŞ-da özüniň 75 ýyllygy mynasybetli «Gewürz Ketchup» üwmejini mugt paýlapdy. Markanyň janköýerleri üwmejiň tutuş tapgyryny internet arkaly bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde sargyt edip gutarypdylar.