Çarli Priçett 100 ýaşynda hem okamagyny dowam etdirýär. Ol Günbatar Florida uniwersitetinde eýýäm 51 okuw kursuny tamamlandy. Öň uniwersitetde mugallym bolup işlän Priçett işjeň bolmaga we durmuşdan lezzet almaga kömek edýän endikleri barada Today neşirine gürrüň berdi.
Priçett weteran, dört çaganyň kakasy. Ol dürli ýyllarda awiadispetçer, radio sport teswirçisi, neşirýatçy we uniwersitet mugallymy bolup işledi. Ol Florida göçüp baranyndan soň bu ýerde 60 ýaşdan uly adamlara-da uniwersitetde mugt okamaga mümkinçilik berýän maksatnamanyň bardygyny eşitdi. Uniwersitet şäherçesi onuň ýaşaýan ýerine golaý ýerleşensoň, Priçett bu mümkinçiligi elden gidirmedi.
Kiçigöwünli bolmaly

Priçett beýleki talyplar bilen özüňi ulumsy alyp barmaly däldigini aýdýar:
«Sen bu ýerde myhman, bahany şu ýaşlar alýar, şoňa düşünmeli. Şonuň üçin özüňi beýlekilerden uly görkezmegiň hajaty ýok. Gowusy olara özlerini erkin duýmaga mümkinçilik bermeli», — diýip, Priçett aýtdy.
Täze zatlary öwrenmekden çekinmeli däl
Priçettiň iň gowy görýän sapaklary — aýaly bilen bile gatnan dersleridi. Aýaly maňlaý-çekge demensiýasy sebäpli aradan çykypdyr. Ol, esasan-da, «Musulman dünýäsinde zenanlar» dersini we sport sosiologiýasy boýunça leksiýalary halaýandygyny aýtdy.
Şunça okuwda okap, onlarça dersi tamamlandygyna garamazdan, Priçett henizem özüni dünýäni özüne täzeden açýan okuwçy ýaly duýýar. Ol öwrenmek üçin täze zatlaryň gözleginde gezýär. Ýakynda hatda bilýard oýnamagy-da öwrenip başlady:
«Iki-üç aý mundan ozal bilýard taýagyny elime-de alyp görmändim. Dogrusyny aýtsam, häzir bu ugurda iň pes derejededirin».

Adamlar bilen gatnaşyk saklamaly
Priçett köpçülikden araňy üzmezligiň möhümdigini aýdýar. Onuň 58 ýaşly dosty bar. Uniwersitetde hem mugallymlar we tälimçiler bilen gatnaşyk saklaýar:
Priçett ýaşaýan pansionatynda ýedi adamdan ybarat saz toparyny hem döredip, özi hem truba çalmagy öwrendi. Topar birnäçe konsert berdi. Wagtyň geçmegi bilen onuň düzümi üýtgedi: käbir sazandalar aradan çykdy, COVID-19 pandemiýasy hem toparyň işine öz täsirini ýetirdi.
Soňra trubanyň müşdügini dişlän mahaly Priçettiň dişi döwlensoň, saz toparynyň çykyşlary wagtlaýyn bes edildi. Şeýle-de bolsa, ol sazandalary ýene-de bir gezek jemlemegi maksat edinýär.

Işjeň bolmaly
Uniwersitet şäherçesiniň öýüne golaý ýerleşmegi Priçettiň işjeň durmuş ýörelgesini dowam etdirmegine hem mümkinçilik berýär.
«Bu ýerde wagt geçirmek üçin mümkinçilikler örän köp. Mysal üçin, men aerobika maşklary geçirilýän howza gatnaýaryn» diýip, goja gürrüň berdi.
Ol hepdede iki gezek howuzda 45 minutlap ýüzýär.
Isleg-höwesiňi ertire goýmaly däl
Priçett maşgalasynda uzak ýaşan ilkinji adam däl. Onuň ejesi we babasy 101 ýaşynda, daýzasy bolsa 103 ýaşynda aradan çykypdyr. Şeýle-de bolsa, goja özüne ýene näçe ömrüň berlendiginden bihabardygyny boýun alýar.
«Diňe şu günüň bilen ýaşabermeli. Men edýän işimi gowy görýän. Mydama başagaý ýalydyryn welin, bu maňa ýaraýar, ýene birnäçe ýyl ýaşaryn diýip umyt edýän. Gitmeli wagtymyň golaýlaýandygy barada pikirlenip başlanymda, özüme munuň hemmeler üçin deňlikdigini ýatladýan» diýip, 100 ýaşly talyp goja sözüniň üstüni ýetirdi.