Dyson kompaniýasy CameraJet atly elektrik diş çotgasyny hödürledi. Täze enjam adaty çotganyň we irrigatoryň mümkinçiliklerini birleşdirýär. Onuň kellesine 0,1 MP durulykly makrokamera ýerleşdirildi.
Kamera arassalaýyş wagtynda dişleriň we diş etiniň ýagdaýyny görkezýär. Ol «Gap Optical Targeting» ulgamynyň işlemegi üçin ulanylýar. Emeli aň algoritmleri 470 müň stomatologik surat esasynda türgenleşdirilip, sekuntda 28 kadr seljerýär. Şeýlelikde, ulgam dişleri we olaryň arasyndaky boşluklary kesgitläp, suw akymyny gerekli ýere gönükdirýär.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, kamera arkaly alnan suratlar ne enjamda, ne-de bulut ulgamynda saklanýar. Şol bir wagtyň özünde, ulanyjy MyDyson goşundysy arkaly arassalamasy kyn bolan ýerleri telefonynda görüp bilýär.
CameraJet suw akymyny konus görnüşde pürkýär. Bu usul bir gezekde has köp dişi gurşap almaga we diş etine düşýän basyşy azaltmaga mümkinçilik berýär. Çotganyň kellesiniň töwereginde 12,5 ml göwrümli suw gaby ýerleşýär. Nasos bolsa enjamyň nähili tutulandygyna garamazdan suwy çekip bilýär.
Enjam ses yrgyldylary ulgam, iki dürli gatylykdaky gylçyk görnüşleri, basyş datçigi hem-de arassalamalaryň sanyny yzarlaýan RFID belgi bilen üpjün edilen.

Dok-stansiýa CameraJet-e zarýad bermek bilen çäklenmän, eýsem, bary-ýogy üç sekuntda onuň suw gabyny hem doldurýar.
Gök we gülgüne reňklerde hödürlenýän diş çotgasynyň bahasy $500. Toplumda dok-stansiýa, zarýad beriji kabel, iki sany çalşylýan çotgajyk we ýol üçin guty bar. Şeüle-de MyDyson goşundysy arkaly şahsy maslahatlary hem almak bolýar.