Bir amerikaly doňuz böwregi oturdylandan soň, ýene adam böwregine geçen ilkinji näsag boldy. Bu barada «The New York Times» neşiri habar berýär.
66 ýaşly Tim Endrýusyň böwrekleri süýjükesel we gipertoniýa sebäpli işlemekden galypdy. Näsagyň ýaşaýşyny saklamak üçin ýygy-ýygydan geçirilýän dializ proseduralary bolsa ony güýçden gaçyrýardy.
Endrýusyň aýtmagyna görä, ol özüni, hakykatdan-da, ölüm ýassygynda ýaly duýýardy we diňe böwregiň çalşyrylmagy onuň janyny halas edip biljekdi. Emma donor organlarynyň ýetmezçiligi sebäpli, transplantasiýa üçin, takmynan, 90 müň adam nobata garaşýardy. Timiň seýrek gan topary bolsa, oňa laýyk donor tapmak mümkinçiligini has-da kynlaşdyrýardy.
Ol genetiki taýdan üýtgedilen doňuzlaryň böwregini oturtmagyň mümkindigini bilende: «Öljek bolsam, onda iň bolmanda adamzat üçin peýdaly zat edip, bu synagyň bir bölegi bolup bilerin» diýen pikir bilen synaga öz razylygyny berdi.
2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Massaçusets hassahanasynda Time genetiki taýdan üýtgedilen doňzuň böwregi oturdyldy. Tim bu organ bilen dokuz aý ýaşansoň, oňa adam donorlarynyň böwregini oturtmak üçin ikilenç operasiýa geçirildi. Şeýlelikde, Tim ilki haýwan organy, soňundan bolsa adam böwregi oturdylan ilkinji näsag boldy.
Ýöne doňuz böwregini adama oturtmak pikiri alymlary biraz alada goýdy. Olar haýwan böwreginden soň, organizmiň adam organyny kabul etmezliginden töwekgel etdiler.
Häzirki wagtda eGenesis kompaniýasyndan eýýäm bäş näsaga doňuz böwregi oturdyldy. Olaryň üçüsi bu organlar bilen sekiz aýdan gowrak wagt bäri ýaşap ýör.