Ispaniýanyň 2 kilogram agramlyk «Kabrales» peýniri auksionda 37,5 müň ýewro satylyp, Ginnesiň rekordyny täzeledi. Bu geçen ýyl goýlan rekorddan 500 ýewro ýokarydyr.
Bu peýnir çig sygyr süýdünden ýa-da sygyr, goýun we geçi süýdüniň garyndysyndan elin taýýarlanylýar. Soňra ol Pikos-de-Europa daglarynyň 1500 metr beýikliginde ýerleşýän tebigy gowakda dokuz aýlap mazaly ýetişýänçä goýulýar. Gowaga ulag bilen baryp bolmaýandygy sebäpli, öndürijiler - «Ángel Díaz Herrero» peýnir kärhanasynyň işgärleri ony goşhaltalarda göterip, dik dag ýollary bilen pyýada daşaýarlar.
Gowagyň özboluşly çygly we salkyn şertleri bu ýarym gaty peýnirde mikrokömelekleriň emele gelmegine amatly şert döredýär. Şol kömelekler peýniriň ýüzüni gök zeň bilen örtüp, oňa ýiti tagam berýär.
Bu peýnir «Kabrales» görnüşiniň däp bolan bäsleşiginde «naýbaşy» diýlip ykrar edildi. Şondan soň restoranlaryň arasynda ony satyn almak ugrunda gyzgalaňly auksion söwdasy başlady. Söwdanyň başlangyç bahasy 5 müň ýewro boldy. Rekord goýmak bäsleşigine sekiz gatnaşyjy goşuldy. Netijede, peýniri Gihon şäherindäki bir restoran satyn aldy.