Kölüň kenarynda polat tolkunlar: Hytaýda täsin muzeý ulanmaga berildi

Düýn, 20:354,276
1 / 16

Hytaýyň Suçžou şäherindäki Szinszi kölüniň kenarynda täze Häzirki zaman sungaty muzeýi açyldy. Meýdany 60 000 inedördül metrlik bu toplum bir üçegiň astynda ýerleşen 12 pawilýondan ybarat.

Adaty bolmadyk bina Daniýanyň BIG binagärlik şereketi bilen Hytaýyň ARTS Group, VIA.inc we SHUISHI studiýalary tarapyndan taslanyldy.

Binagärler toplumyň gurluşygynda syýahatçylaryň yzygiderli öz ugruny üýtgedip, täze görnüşleri açýan we dürli künjekleriň arasynda hereket edýän Suçžou milli seýil baglaryndan ylham aldy.

Binalaryň arasynda ýodalar çekilip, baglar ekilipdir, köprüler gurlup, jemgyýetçilik ýerleri döredilipdir.

Muzeýiň esasy elementleriniň biri milli hytaý baglaryna mahsus bolan lan – üsti ýapyk däliz-galereýadyr. Täze toplumda ol 12 pawilýony hem birleşdirip, myhmanlar üçin esasy ýoly emele getirýär. Ýeriň üstünde we astynda ýerleşýän giňişlikleri bolsa goşmaça köprülerdir ötükler birleşdirýär.

Şonuň bilen birlikde, binagärler şäheri kölden bölýän muzeýi monumental gurluşa öwürmekden hem gaça durmak isläpdir. BIG-iň düýbüni tutujy Býarke Ingels bu gelnen netijäni şeýle düşündirýär:

"Muzeýi özara sepleşen galareýalardan ybarat hytaý bagyna ýaýradyp goýbermek arkaly, biz ony şäher bilen kölüň arasyndaky böwede däl-de, eýsem, bularyň ikisini baglanyşdyrýan halka öwürýäris."

Munda 12 pawilýony özüne birleşdirýän üçege aýratyn üns berlip, ol gurluşy boýunça müdümilik alamatyna meňzedilipdir. BIG-iň hyzmatdaşy Ketrin Huan onuň dizaýnyny milli hytaý kagyz kesiş sungaty bolan szýançži stilindäki şekil bilen deňeşdirýär.

Şeýle-de muzeýiň gapdalynda ýerleşen syn ediş çarhyndan adaty bolmadyk toplumyň we onuň üçeginiň ajaýyp şekilini görmek bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.