Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlara amala aşyran saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde çykyş edip, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmegiň we anyk strategiýany işläp düzmegiň wajypdygyny nygtady.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan edip, birnäçe teklipleri we başlangyçlary öňe sürdi:
- ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagyny giňeltmek we olaryň olimpiýa meýdançalaryna gatnaşmagyny gazanmak;
- ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä çempionatyny her bäş ýyldan geçirmek;
- baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmek, tohum atlary üçin iri halkara baýraklaryny döretmek;
- Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça ahalteke bedewlerinde atly syýahatlary guramak;
- weterinar ylmyna maýa goýmak, atlaryň özboluşly genomyny öwrenmek üçin halkara barlag grantlaryny döretmek;
- assosiasiýalaryň arasynda aň-bilim, barlag we taryhy maglumatlary alyşmagy utgaşdyrmak;
- köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental esasda hem-de sanly çeşmelerde döredijilik eserlerini taýýarlamak.
- ahalteke bedewleriniň bitewi genetik bankyny we ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmekde maslahat beriş, usulyýet we arhiw materiallary bilen goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke atlarynyň dostlugyň, parahatçylygyň we türkmen döwletliliginiň nyşanydygyny nygtap, Kronenberg şäheriniň ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.