Örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Oksford uniwersitetiniň alymlary 1 milliona golaý adamyň 14 ýylyň dowamynda toplanan maglumatlaryny seljerip, şeýle netijä geldi.
Alymlar Beýik Britaniýada ýaşaýan orta ýaşly adamlaryň içgi içmek endiklerini öwrenip, dürli temperaturadaky içgileri içýänleriň saglyk ýagdaýlaryny deňeşdirdi. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentliginiň klassifikasiýasyna görä, temperaturasy 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn hasaplanýar. Hut şeýle içgileri halaýan adamlarda gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň döremek töwekgelçiligi, ýyly içgileri içýänlere garanyňda, üç essä golaý ýokary bolup çykdy. Günde alty ýa-da ondan köp gyzgyn içgi içmek bolsa bu töwekgelçiligi has-da artdyrdy.
«Gözlegiň şeýle köp adamy öz içine almagy onuň ylmy subutnama binýadyny ep-esli güýçlendirýär: gyzgyn we örän gyzgyn içgileri içmek gyzylödekde tekiz öýjükli karsinomanyň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar» diýip, Oksford uniwersitetiniň Ilatyň saglygyny öwreniş bölüminde iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen we gözlegiň awtorlarynyň biri Keren Papýe Euronews Health neşirine aýtdy.
Adamlaryň köpüsi çaýy we kofäni, takmynan, 50–60°C temperaturada içýär. Hünärmenler içgä süýt goşulsa-da, ony biraz sowatmagy maslahat berýär.
«Eger içgi örän gyzgyn bolup, ony içmek oňaýsyz bolsa, biraz garaşyp, sowamagyna mümkinçilik bermeli. Içgi ýyly ýa-da adaty gyzgyn hasaplanylýan derejä çenli sowasa, şondan gowusy ýok» diýip, Papýe düşündirýär.
Gyzylödek düwnüginiň iki esasy görnüşi bar: tekiz öýjükli we adenokarsinoma. Gyzgyn içgileriň ulanylmagy bilen baglanyşykly töwekgelçilik, esasan, tekiz öýjükli düwnük görnüşine degişli.
Beýik Britaniýada adamyň ömrüniň dowamynda şeýle diagnozyň goýulmak ähtimallygy, takmynan, 1 göterime deň. Şeýle-de bolsa, gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek we semizlik bolmagynda galýar.
«Barlagymyzda aýdylanlardan başga-da, iň peýdaly çäreleriň biri çilim çekmegi azaltmakdyr. Alkogoldan ýüz öwürmek hem belli bir derejede kömek edip biler. Bu we beýleki düwnük keselleriniň töwekgelçilik faktorlary barada eýýäm bilýän zatlarymyzyň ählisini ýatda saklamak we öňüni alyş çäreleri barada gürrüň edilende muny göz öňünde tutmak möhümdir» diýip, Papýe sözüniň üstüni ýetirdi.