Kaliforniýa uniwersitetiniň Riwersaýddaky alymlary awstraliýa tagtabitleriniň täze urugyna Teýlor Swiftiň adyny dakdy. Olar barada «Insect Systematics and Evolution» ylmy žurnalynda neşir edilen makalada beýan edilýär.
Alymlar, umumylykda, ösümlik bilen iýmitlenýän mör-möjekleriň 12 sany näbelli görnüşini açdy.
Täze uruglaryň birine «Swiftiephylus» diýlip at berildi. Oňa dört görnüş girizildi. Swiftiephylus taylorae gönüden-göni Teýlor Swiftiň adyna dakylan bolsa, galanlary onuň albomlaryna salgylanýar — Swiftiephylus amator («Lover» albomy), Swiftiephylus intrepidus («Fearless» albomy) we Swiftiephylus poetorum («The Tortured Poets Department» albomy).

«Çagalykdan swifti (Teýlor Swiftiň janköýeri) hökmünde bu meniň üçin Teýlora hormatymyň we şol bir wagtyň özünde entek açylmaly mör-möjekleriň ägirt köpdürlüligine ünsi çekmegiň tebigy we çyn ýürekden çykan ýoly boldy» diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri Sara Şreder belledi.
Ol mör-möjekde aýdymçy bilen meňzeşligi gördi:
«Teýlor Swiftiň meşhur keşbi — bu sary saç we gyzyl dodak. Bu mör-möjekleriň bolsa gyzyl öwüşginli solgun sary reňki bar. Makalada men olary çyparlar diýip atlandyrýaryn».
Bu Swiftiň adynyň haýwanlaryň ylmy klassifikasiýasynda ilkinji gezek peýda bolmagy däl. Mundan öň onuň hormatyna köpaýaklylaryň bir görnüşi «Swift twisted-claw millipede» (egri dyrnakly Swift köpaýaklysy, başgaça «Nannaria swiftae»), şeýle hem Kosta-Rikada tapylan möý «Castianeira swiftay» diýlip atlandyrylypdy.