Bloomberg agentliginiň wersiýasy boýunça, dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde 2012-nji ýylda sanaw düzülip başlanandan bäri ilkinji gezek ilkinji on orny dolulygyna ABŞ-nyň raýatlary eýeledi. Sanawyň birinji ornunda $919 milliard baýlygy bilen Ilon Mask ýerleşýär.
Ikinji orny baýlygy 286 mlrd dollar diýlip bahalandyrylýan Google kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj eýeledi. Üçünji orunda bolsa $274 mlrd bilen Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ýerleşdi.
Şeýle hem ilkinji onluga Google-yň esaslandyryjylarynyň biri Sergeý Brin ($266 mlrd), Dell-iň esaslandyryjysy Maýkl Dell ($245 mlrd) we Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg ($229 mlrd) girdi.
Iň baý 10 adamyň sanawyny Oracle-yň esaslandyryjylarynyň biri Larri Ellison ($208 mlrd), Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang ($181 mlrd), Microsoft-yň öňki ýolbaşçysy Stiw Balmer ($172 mlrd) we maýadar Worren Baffett ($144 mlrd) jemleýär.
Amerikan milliarderleri ilkinji 10 orny LVMH kompaniýalar toparynyň eýesi, fransuz işewüri Bernar Arnonyň baýlygy 143 mlrd dollara çenli azalandan soň doly eýeledi. Indi ol reýtingiň 11-nji ornunda ýerleşýär.