Norwegiýanyň şa gyzy Astrid 11-nji sentýabrda 94 ýaşynda aradan çykdy diýip, patyşalyk öýi habar berdi.
Şa gyzynyň ýogalmagyndan iki hepde öň, 28-nji awgustda 90 ýaşynyň içinde onuň dogany, Patyşa Harald V hem dünýäden ötüpdi.
Norwegiýanyň täze Patyşasy Hokon VIII şa gyzynyň hemişe «jemgyýetiň iň ejiz gatlaklaryna aýratyn alada we üns» bilen garandygyny, «mydama wepadar we öz borçlaryny hemişe uly yhlas, ynam hem-de höwes bilen berjaý edýän» adam bolandygyny belledi.
Astrid 1932-nji ýylyň 12-nji fewralynda Osloda dünýä indi. Ol Norwegiýanyň geljekki Patyşasy Ulaf V-iň we onuň aýaly Martanyň ikinji gyzydy. Ejesi 1954-nji ýylda aradan çykandan soň, 22 ýaşly Astrid Norwegiýanyň birinji Hanymy boldy we kakasynyň ýanynda wekilçilik borçlaryny berjaý etdi. Ol bu ornuny 1968-nji ýyla çenli — dogany Harald Sonýa Haraldsene öýlenýänçä saklap galdy.

1961-nji ýylda Astrid telekeçi Ýuhan Martin Ferner bilen durmuş gurdy. Olaryň bäş çagasy dünýä indi. Ferner 2015-nji ýylda aradan çykdy.
Şa gyzy ejesiniň memorial gaznasyna hem ýolbaşçylyk etdi we birnäçe guramalaryň penakäri boldy.
Ýeri geleninde belläp geçsek, Gündogar Antarktidadaky Şa gyzy Astrid kenarynyň ady hut onuň hormatyna dakylypdy.