Norwegiýanyň Andenes obasynda «The Whale» («Läheň») muzeýi gurulýar. Taslamasyna görä, Demirgazyk Atlantika ummanynyň kenaryndaky bu üýtgeşik bina suwdan ýokary göterilýän ägirt uly läheň guýrugyna meňzemeli.
Muzeýiň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň 4-nji iýunyna meýilleşdirildi.
Andenes obasy Westrowlen arhipelagyna degişli bolan Annoýýa adasynda ýerleşýär we dünýäde läheňleri synlamak üçin iň amatly ýerleriň biri hasaplanylýar. Adanyň kenarlarynda bütin ýylyň dowamynda örküçli we grinda läheňlerini, kosatkalary hem-de deňiz doňuzlaryny görmek bolýar.

Muzeýiň taslamasyny daniýaly Dorte Mandrup binagärlik býurosy taýýarlady. Ol 2019-njy ýylda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolupdy. Taslamanyň özboluşlylygy diňe bir kitiň guýrugyny ýada salýan görnüşi bilen çäklenmeýär. Mysal üçin, muzeýiň ummana bakdyrylan aýnaly tarapy guýrukdan akyp duran suwy ýada salýar.
Egrelip duran beton üçegi binanyň burçlarynda ýerleşdirilen bary-ýogy üç diregde saklanar. Üstesine-de binanyň içinde sütünleri ýerleşdirmek zerurlygy hem bolmaz. Üçegiň daşky bölegi ýerli tebigy daş bilen örtüler, onuň üstünde adamlar gezelenç edip biler. Şeýle hem ol ýerde töweregi we demirgazyk şapagyny synlamak üçin niýetlenen meýdança dörediler.

Muzeýiň içinde läheňler, olaryň häsiýetleri we adamlar bilen gatnaşyklary barada interaktiw sergi ýerleşdiriler. Binagärler gurluşyk döwründe desganyň daş-töwerekdäki tebigy landşaft bilen arabaglanyşygyny saklamaga aýratyn üns beripdirler. Şonuň üçin kenardaky gaýalar muzeýiň içki bezeginiň bir bölegine öwrüler.