Madridiň «Real» topary Brand Finance konsalting kompaniýasynyň Football 50 reýtinginde eýýäm yzygiderli üçünji ýyl dünýäniň iň gymmatly futbol brendi diýlip ykrar edildi. Brendiň bahasy dörtden bir esse artyp, 2,766 milliard dollara ýetdi diýip, «Forbes» ýazýar.
Şeýle ösüşiň sebäpleriniň biri klub üçin 1,2 milliard ýewro girdeji getiren täzelenen Santýago Bernabeu meýdançasy boldy. Bu sport şowsuzlyklarynyň we tälimçileriň ýygy-ýygydan çalşylmagynyň öwezini dolmaga ýardam etdi.
Dünýäniň 50 sany öňdebaryjy futbol brendiniň umumy bahasy rekord derejä — 23,9 milliard ýewro ýetdi.
Reýtingde ikinji orny 2,276 milliard dollar baha bilen «Barselona» saklap galdy.
Esasy garaşylmadyk waka «Arsenal» boldy: London kluby birbada bäş basgançak ýokary galyp, 1,772 milliard dollar netije bilen üçünji orny eýeledi. Şeýle hem ol Beýik Britaniýanyň iň gymmatly futbol brendi boldy.
Dördünji orny «Bawariýa» ($1,748 mlrd) eýeledi, bäşligi bolsa «PSŽ» ($1,734 mlrd) jemledi. Pariž kluby yzygiderli iki gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, ýöne fransuz çempionatynyň özüne çekijiliginiň pesligi sebäpli, onuň brendi haýal ösýär.
Ondan soňky orunlarda «Mançester Siti» ($1,709 mlrd), «Liwerpul» ($1,695 mlrd), «Mançester Ýunaýted» ($1,659 mlrd), «Çelsi» ($1,101 mlrd) we Dortmundyň «Borussiýasy» ($766 mln) ýerleşdi.
Reýtingdäki 50 klubuň arasynda brend bahasynyň iň ýokary ösüşini «Ştutgart» görkezdi, ol bir ýylyň içinde öz brendiniň bahasyny iki essä golaý artdyrdy.
Brand Finance kompaniýasy futbol brendlerine olaryň meşhurlyk we güýç indeksini (BSI) hasaplamak arkaly baha berýär, soňra bu görkezijini klubuň peteklerden, teleýaýlymlardan we hemaýatkärlerden almagyna garaşylýan girdejilerine köpeldýär.
Belläp geçsek, brendiň bahasy futbol klubunyň özüniň bazardaky bahasyna deň däldir. Dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň reýtinginde «Arsenalyň» deregine üçlügi «Liwerpul» jemleýär.