iPhone 18 Pro suratlaryň hakykylygyny anyklamany öwretdiler

Şu gün, 21:021,865

iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modellerinde Apple Reference Image atly täze ulgam peýda boldy. Ol suratyň smartfonyň kamerasy arkaly düşürilendigini we soňra üýtgedilmändigini tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Apple bu tehnologiýany generatiw emeli aň döwrüniň sanly negatiwi hökmünde häsiýetlendirýär. Ýörite düzgün işjeňleşdirilende, kamera sensory suraty düşüren badyna piksel maglumatlaryny kriptografik gol bilen tassyklaýar.

Şeýlelikde, suratyň başlangyç hem-de sensor maglumatlary we kriptografik wagt belliklerini öz içine alýan goragly nusga döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, adaty surat hem ulanyja elýeterli bolup, ony islän görnüşiňde redaktirläp bolýar. Sanly negatiw bolsa enjamyň özünde saklanýar.

Barlamak üçin goragly maglumatlar öňünden işlenilmän, şobada Private Cloud Compute hasaplaýyş gurşawyna geçirilýär we şol ýerde ol gaýtadan dikeldilýär. Apple-iň aýtmagyna görä, ulgam maglumatlaryň galplaşdyrylmagyndan, operasion ulgamyň döwülmeginden, enjam hüjümlerinden we kriptografik howplardan goranmaga niýetlenendir.

Suratlaryň her biri üçin ynam derejesi hasaplanýar. Galplyk ýüze çykarylan ýagdaýynda Apple aýratyn bir surata bolan ynamy yza alyp bilýär.

Ulgam, şeýle hem suratçynyň şahsy maglumatlaryny köpçülige äşgär etmeýär we bir sensor arkaly düşürilen dürli suratlary özara baglanyşdyrmaga hem mümkinçilik bermeýär.