Toyota wodorodly Hilux pikapynyň tapgyrlaýyn önümçiligine başlar

Şu gün, 11:27263

Toyota kompaniýasy wodorod ýangyç elementleri bilen işleýän Hilux FCEV kysymly ulagynyň köpçülikleýin önümçiligini resmi taýdan tassyklady. Awtoulagyň 2028-nji ýylda bazara çykmagyna hem-de onuň WLTP tertibi boýunça bir gezekki ýangyç bilen geçýän aralygynyň 400 kilometrden geçmegine garaşylýar.

Mundan ozal kompaniýa «Hilux» ulagynyň öňki nesliniň binýadynda wodorod güýç ulgamly birnäçe synag nusgasyny taýýarlapdy. Häzirki önümçilik görnüşi bolsa tizerde görkezilen täze nesliň gabarasy esasynda öndüriler. Kese çyzyklar görnüşinde ýerine ýetirilen täze çyra nagyşlary bolsa, ulagyň daşky dizaýnyndaky göze ilýän esasy tapawutlaryň biridir.

Toyota pikapyň soňky tehniki aýratynlyklaryny häzirlikçe aýan etmedi. Mälim bolşuna görä, ulag umumy agramy 2500 kilograma çenli bolan tirkegi çekip biler.

Deňeşdirip aýtsak, häzirki elektrik Hilux-yň bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygy ulanyş şertlerine baglylykda 257–380 kilometre, çekip bilýän tirkeginiň iň ýokary massasy bolsa 2000 kilograma deňdir.