Boliwiýanyň daglyk tokaýlarynda 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pişigiň ozal ylma näbelli bolan görnüşi tapyldy. Bu barada National Geographic habar berýär.
Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tilkaýo diýlip atlandyrylýan bu pişik Günorta Amerikanyň uly böleginde ýaşaýan gaplaň pişikleriň toparyna degişlidir. Ony, baryp, 2016-njy ýylda Ýungas tokaýlygyndaky goraghanada ýerli ýaşaýjylaryň biri tapyp, azaşan öý pişigidir öýdüp, özünde saklaýan eken. Onuň heniz ylma näbelli görnüşdigini ençeme ýyl soň bildiler.
Alymlar pişigiň täze görnüşe degişlidigini tassyklamak üçin genetiki maglumatlardan peýdalandy. Ol Leopardus tilcayo diýlip atlandyryldy. Bu haýwanyň uzynlygy 46 sm, agramy bolsa, takmynan, 1,4 kg.
«Onuň tüýi açyk goňur... tutuş endamynda nädogry şekildäki tegmiller bar» diýip, National Geographic-iň ylmy gözlegçisi Paola Nogales-Askarruns aýtdy.

Pişigiň ýaşaýyş durmuşy entek doly öwrenilmedi. Onuň ownuk gemrijiler bilen iýmitlenýänligi we köplenç gijelerine hereket edýändigi çaklanylýar.
«Häzirki wagtda biziň maglumatymyz öwrenen iki sany diri jandarymyz we fotoduzaklardan alnan az sanly ýazgylar bilen çäklenýär» diýip, ewolýusion biolog Ýonas Leskroart maglumatyň näme üçin azdygyny düşündirýär.
Alymlar 38 haýwanyň DNT-sini öwrendi we gaplaň pişikleriň genetiki taýdan tapawutlanýan bäş görnüşden ybaratdygyny anyklady. Seljerme tilkaýo urugynyň toparyň beýleki wekillerinden, takmynan, 1,4 million ýyl ozal bölünip aýrylandygyny görkezdi.