Italiýanyň astynda ýer gatlagy «bölünýär»: 500 km-lik deformasiýa zolagy ýüze çykaryldy

Şu gün, 09:152,275
1 / 3

Alymlar Italiýanyň astynda Ýeriň çuň gatlaklarynyň adaty bolmadyk hereketine şaýatlyk edip biljek uzynlygy 500 kilometrden gowrak bolan zolagy ýüze çykardy.

Gözlegçiler Apennin daglarynyň aşagynda ýer gabygynyň gatlaklara bölünmegine meňzeş, «syrma ýaly açylýan» hadysanyň bolup geçýändigini çaklaýar. Bu barada The Daily Galaxy neşiri ýazýar.

Apenninler Italiýa ýarym adasynyň boýy bilen, takmynan, 1200 kilometre uzaýan dag ulgamydyr. Olaryň häzirki geologik özüni alyp barşy uzak wagtlap alymlar üçin syr bolup galypdy: dag gerşiniň käbir bölekleri giňeýän bolsa, beýleki ýerlerinde gysylma prosesi dowam edýär.

Täze gözleg bu hadysany delaminasiýa, ýagny Ýer gabygynyň dykyz aşaky böleginiň we ýanaşyk litosferanyň ýokarky gatlakdan aýrylyp, mantiýa çökmegi bilen baglanyşdyrýar. Florensiýa uniwersitetinden Stefano Tawaniniň ýolbaşçylygyndaky alymlar ýertitremeler baradaky maglumatlary, GPS ölçeglerini, hemra radar şekillerini we Mohorowiçiç üsti (Moho) hökmünde belli bolan Ýer gabygy bilen mantiýanyň arasyndaky serhediň gurluşyny seljerdi.

Netijede, alymlar 500 kilometrlik zolakda Tirren deňzi tarapdaky Moho üstüniň süýşüp, Adriatika deňzi tarapdaky şeýle serhediň üstüni örtýändigini ýüze çykardy. Bu 500 kilometrlik zolakda Apenninleriň astynda biri beýlekisiniň üstüne münen iki sany Moho serhediniň durandygyny aňladýar. Şonuň netijesinde dag gerşiniň aşagynda Ýer gabygynyň aşaky bölegi mantiýa tarap çümüp, aşak gidýän agyr «guýrugy» emele getirýär. Bu «guýruk»hem Ýer gabygynyň ýokarky böleginiň giňemegine sebäp bolýar (giňeme çägi – ýylda 4 mm).


Alymlar Ýer gabygynyň gatlaklara bölünmek prosesiniň Apenninleriň ähli ýerinde bir wagtda bolup geçmeýändigini, onuň başlangyç nokadynyň (delaminasiýa şarniriniň) dag gerşiniň ugry boýunça hereket edýändigini belleýär. Şol sebäpli bu nokadyň aşagyndaky we öňündäki dag jynslary henizem gysylýar (gysylma çägi - ýylda 2 mm), ol geçip gidensoň yzda galýan ýerlerdäki gabyk bolsa giňeýär.

Şunlukda, Italiýanyň astynda Ýer gabygynyň çuň gatlaklarynyň özboluşly «üzülmegi» bolup geçip biler: käbir bölekler kem-kemden biri-birinden daşlaşýar, beýlekileri bolsa ýakynlaşmagyny dowam etdirýär.

Gözlegçiler bu modeliň häzirlikçe gutarnykly däldigini we hadysany has çuňňur öwrenmegiň zerurdygyny belleýär.