Alymlar duzly deňiz suwuny ýüň bilen süýjetdiler

14.09.2026, 11:502,855
1 / 2

Kornell uniwersitetiniň alymlary adaty ýüňden ultragara reňkli täze material döretdi. Bu material gün şöhlesiniň kömegi bilen duzly suwy agyz suwuna öwürmäge mümkinçilik berýär.

Täze usul suwy arassalamak üçin zerur bolan enjamlaryň we ulgamlaryň ýok ýerlerinde peýdaly bolup biler.

Bu pikiriň döremegine jennet guşunyň ýelekleriniň goýy gara reňki hem täsir edipdir. Alymlar şol reňki matada gaýtalamaga synanyşypdyr. Munuň üçin ýüňi midiýalaryň düzümindäki melanine meňzedilip döredilen polidopamin atly polimer bilen reňkläp, soňra plazma arkaly ýörite işläpdirler. Netijede, gözlegçileriň aýtmagyna görä, şu wagta çenli döredilen iň gara reňkli materiallaryň biri emele gelipdir.

Alymlar bu matany gün şöhlesiniň täsiri bilen bug öndürýän ýörite ulgamda synagdan geçiripdir. Munda materialyň bir bölegi suwa batyrylýar. Ol gün şöhlesiniň täsiri bilen gyzyp, suwuň ýokarky gatlagyny bugardýar we duzuň suwda galmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, ulgam duz ýygnanmazdan 10 sagat işläpdir.

«Biziň maksadymyz tebigy materiallardan peýdalanyp, ösen suw arassalaýyş ulgamlary bolmadyk ýerlerde hem duzly suwdan arassa agyz suwuny almaga mümkinçilik döretmek. Ýüň tebigatda dargaýar. Bu bolsa mikroplastik ýa-da tebigatda dargamaýan beýleki materiallaryň aladasyny aradan aýyrýar» diýip, Adamyň zerurlyklaryna gönükdirilen dizaýn kafedrasynyň dosenti Larissa Şepard aýtdy.

Synaglaryň dowamynda ikitaraplaýyn dik görnüşde ýerleşdirilen, ultragara ýüňden taýýarlanan gurluş sagatda her inedördül metrden 2,43 kilogram suw bugartdy. Bu görkeziji adaty ulgamlaryňkydan tas iki esse ýokarydyr. Alnan suwdaky duzuň mukdary bolsa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) kesgitlän derejesinden ep-esli pes bolupdyr.