Halkara alymlar topary geksagonal (altyburçly) dykyz gaplanan gurluşa (hcp) eýe bolan suprion buzuň seýrek görnüşiniň bardygyny ilkinji gezek tejribe arkaly tassyklady. Gözlegçiler bu ýagdaýy 2300°C-dan ýokary temperaturada we 2,3 million töweregi atmosfera deň basyşda alyp bildi.
Gözlegiň netijeleri Physical Review Letters žurnalynda çap edildi. Bu açyş Uran bilen Neptunyň çuň gatlaklarynda bolup geçýän hadysalara has gowy düşünmäge kömek edip biler.
Adaty şertlerde suw güýçli gyzdyrylanda buga öwrülýär. Emma örän ýokary basyş astynda bu proses togtaýar. Suwuň molekulalary dargap bilmeýär we madda gaty jisim bilen suwuklygyň käbir häsiýetlerini utgaşdyrýan adaty bolmadyk suprion ýagdaýa geçýär.
Şeýle buzda kislorod atomlary berk kristal gözenegi emele getirýär, wodorod protonlary bolsa onuň içinde erkin hereket edýär. Alymlar öň, esasan, şeýle buzuň kub fazasyny synlapdy, ýöne teoriýa onuň başga gurluşlarynyň hem bolup biljekdigini çaklaýardy.
Tejribe üçin suwuň mikroskopik damjalary göwherden ýasalan iki anwiliniň arasyna ýerleşdirilip, 230 gigapaskala çenli gysyldy. Şol bir wagtyň özünde, suw infragyzyl lazerler bilen gyzdyryldy. Alymlar kristal gurluşyndaky üýtgeşmeleri sinkrotron rentgen şöhlelenmesi arkaly yzarlady.
Basyş 197 gigapaskaldan geçip, temperatura, takmynan, 2000°C bolanda, alymlar maddanyň hcp fazasyna geçýändigini anyklady. 200 gigapaskaldan ýokary basyşda bolsa, geksagonal gurluş has-da durnuklaşýar.
Suprion buz Uran bilen Neptunyň içki gatlaklarynyň esasy düzüm bölekleriniň biri hasaplanýar. Erkin hereket edýän protonlar onuň ýokary elektrik geçirijiligini üpjün edýär, bu bolsa planetalaryň magnit meýdanlarynyň emele gelmegine täsir edip biler. Täze maglumatlar olaryň mantiýalarynda maddanyň hereketi we elektrik toklary baradaky häzirki düşünjeleri has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.