Türkmen türgenleri Ýaponiýada XX tomusky Azia oýunlarynda çykyş edip başlady

Şu gün, 13:51711

Türkmenistanyň türgenleri 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyş edip başlady. Ýurda 57 adamdan ybarat wekiliýet — 34 türgen we 15 tälimçi wekilçilik edýär.

Türkmenistan Aziýa oýunlaryna bu ýyl dokuzynjy gezek gatnaşýar. Türkmen türgenleri sportuň sekiz görnüşi boýunça çykyş edýär: boks, sport göreşi, karate-do, kuraş, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu.

Türkmen türgenleri ýaryşyň çäginde ilkinji gezek 20-nji sentýabrda çykyş etdi. Uşu-sanda boýunça Bibimerýem Akmuhammedowa we Muhammet Jumamyradow, degişlilikde, Gazagystandan we Hytaý Taýpeýinden bolan bäsdeşlerinden ýeňildi.

Karateçi Raýan Gurbanmyradow Filippinleriň wekili Jon Kristian Laçikany 6:1 hasaby bilen ýeňdi, ýöne çärýek finalda malaýziýaly H.Suriýa Sankardan ýeňildi. Suwda ýüzüji Alan Muhin 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde 43 gatnaşyjynyň arasynda 34-nji orny eýeledi.

21-nji sentýabrda Muhin 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde 23,91 sekunt netije bilen ýeňiş gazandy, ýöne umumy hasapda 29-njy orny eýeledi. Waleriýa Mirenskaýa 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde 23 gatnaşyjynyň arasynda 21-nji boldy. Dawid Akopýan 100 metr aralyga brass usulynda geçirilen ýüzüşde 1.04,72 netije bilen ýeňiji boldy we 36 türgeniň arasynda 26-njy orny eýeledi.

Karateçi Daýan Keletliýew 1/8 finalda Gonkongyň wekilinden ýeňildi.

Şeýle hem şu gün boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow hem-de uşu boýunça türgenler Merjen Joraýewa we Hezret Öwezgeldiýew çykyş eder.

2023-nji ýylda Hançžouda geçirilen öňki Aziýa oýunlarynda Türkmenistan alty bürünç medal gazanypdy.