Türkmenistandan 17 ýaşly karateçi Ammanda geçen Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Şu gün, 08:10825

Türkmenistanly 17 ýaşly karateçi Gurbannazar Amandurdyýew kadetleriň, ýetginjekleriň we 21 ýaşyna ýetmedik türgenleriň arasynda geçirilen 24-nji Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldy. Iordaniýanyň paýtagty Ammanda geçen ýaryş 21 ýurtdan 338 türgeni bir ýere jemledi diýip, «Altyn asyr» habar berýär.

Amandurdyýew 55 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasyndaky kumite ýaryşlarynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna göterildi.

Bu türgen üçin yklym birinjiligindäki ikinji medaldyr. Bir ýyl öň Hytaýyň Şaoguan şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda ol bürünç baýragyň eýesi bolupdy. Şeýle hem onuň gazananlarynyň arasynda 2024-nji we 2026-njy ýyllardaky «Karate-1 ýaşlar ligasy» dünýä ýaryşlarynyň iki medaly bar.

Amandurdyýew özüniň ilkinji halkara baýragyny 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýedäki ýaryşda gazandy. Şol wagt ol 10 ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda 30 kg çenli agram derejesinde kümüş baýragyň eýesi boldy.

Türgene Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýew tälim berýär.

Durnukly netijeler bilen Gurbannazar Amandurdyýew 2026-njy ýylyň güýzünde Dakarda geçiriljek IV tomusky Ýaşlar Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga esasy dalaşgärleriň hataryna girýär.