Höwürtgedäki muzeý: Sakgally guşlar asyrlarboýy taryhy gymmatlyklary çöpläp ýörüpdir

Şu gün, 16:021,659
1 / 3

Ispaniýanyň Nerpio gaýalaryndaky sakgally guşlaryň (Gypaetus barbatus) höwürtgeleri garaşylmadyk ýerden özboluşly arheologik hazyna bolup çykdy. Barlagçylar bu guşlaryň gaýalarda ýerleşýän köne höwürtgelerinden ömri birnäçe asyrlyk bolmagy mümkin diýlip çaklanylýan adam eli bilen ýasalan önümleri tapdy.

Biologlar arheologlar we alpinistler bilen bilelikde diňe ýörite enjamlaryň kömegi bilen çykyp bolýan taşlanan höwürtgeleri barlagdan geçirdi.

Sakgally guşlar öz höwürtgelerini goragly gaýa gowaklarynda gurýar we arkama-arka şol bir ýerlere gaýdyp gelýär. Höwürtge üçin gerekli zatlary ýygnanlarynda olar diňe bir çöp-çalamlary we haýwanlaryň süňklerini däl, eýsem, golaý-goltumdan tapylan deri böleklerini, matalary, ýüpleri we örülen önümleri hem höwürtgelerine daşaýar.

Barlagçylar ilkibaşda guşlaryň iýmitleniş yzlaryny gözlänem bolsalar, dura-bara olar has täsin zatlara gabat geldi. Tapyndylaryň arasynda ýaşy, takmynan, 700 ýyl bolan otlardan hem-de şahalardan ýasalan köwüş (sandal), peýkam, otdan örülen nykap we gyzyl nyşanly goýun derisiniň bölegi bar.

Gury hem-de ýagyşdan goralýan gaýa gowaklary tebigy materiallaryň asyrlarboýy saklanyp galmagyna kömek edipdir. Alymlar höwürtgeleriň içindäkileri derňäp, olary edil arheologik gazuw-agtaryş işlerindäki ýaly gatma-gat öwrendi.

Munuň ýaly tapyndylar diňe bir sakgally guşlaryň durmuşy barada däl, eýsem, sebitiň geçmişi, ýerli hünärmentçilik we tebigy materiallaryň ulanylyşy hakynda hem gürrüň berip biler.

Barlagçylar galan höwürtgeleri hem öwrenmek isleýär, ýöne wagt az. Çünki bu sebitde, takmynan, 40 ýyl ozal ýitip giden sakgally guşlaryň sanyny täzeden dikeltmegi meýilleşdirýärler.