Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň saglygyny goramaga goşan önjeýli goşantlaryny, ýokary hünär ussatlygyny hem-de köpýyllyk halal zähmetlerini nazara alyp, şu aşakdaky raýatlar döwlet sylaglaryna mynasyp görüldi:
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy:
- Gülnara Öwezdurdyýewna Begençewa — Halkara newrologiýa merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň müdiri;
- Jeren Durdymämmedowna Amanowa — Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň Endokrinologiýa toplumynyň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň müdiri;
- Alla Georgiýewna Kadyrowa — Halkara kardiologiýa merkeziniň hasaplaýjy bölüminiň esasy hünärmeni;
- Maýa Berdiýewna Sähatowa — Halkara kardiologiýa merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň kardiolog lukmany;
- Aýbölek Rejepowna Mustagowa — Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň dispanser bölüminiň deri-wenerolog lukmany;
- Enebaý Nedirmämmedowna Hajyýewa — Gan merkeziniň gan we onuň düzümlerini taýýarlaýan bölüminiň iç keselleri lukmany;
- Maýsa Garryýewna Ýalkapowa — Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň öňüni alyş bölüminiň lukman epidemiology;
- Ajap Myradowna Berdiliýewa — Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň guramaçylyk-usulyýet bölüminiň lukman statisti;
- Batyr Akmyradowiç Abdullaýew — Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hirurgiýa ylmy-kliniki bölüminiň lukman hirurgy;
- Güljahan Mämmetmyradowna Annamämmedowa — Halkara okuw-ylmy merkeziniň okuw barlaghana bölüminiň ýolbaşçysy;
- Maýagül Amanjanowna Saryýewa — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň newrolog lukmany;
- Altyn Akyýewna Gurdowa — Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň terapiýa bölüminiň berhiz lukmany;
- Ýelena Mihaýlowna Lýubçenko — «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň buhgalteriýa bölüminiň esasy buhgalteri;
- Orazgylyç Aşyrmämmedowiç Orazgylyjow — Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri;
- Gülnara Hojamgulyýewna Çaryýewa — Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň medisina himiýasy kafedrasynyň dosenti;
- Güljahan Tangiýewna Berdiýewa — Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasynyň assistenti;
- Wepa Emirgulyýewiç Muhadow — Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň assistenti;
- Arzygül Ataýewna Ataýewa — Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 4-nji saglyk öýüniň Ýalkym şahamçasynyň maşgala lukmany;
- Maýa Orazmyradowna Allaýarowa — Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 5-nji saglyk öýüniň maşgala bölüminiň müdiri;
- Amandursun Sähedowna Aşyrowa — Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 8-nji saglyk öýüniň lukmany;
- Orazdurdy Imamguliýewiç Amanberdiýew — Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 13-nji saglyk öýüniň Gypjak şahamçasynyň maşgala lukmany;
- Şirin Saparbaýewna Ýazbaýewa — Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziolog-reanimatolog lukmany;
- Maýa Söýünowna Habadowa — Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň saglyk öýüniň baş şepagat uýasy;
- Akbike Meredowna Seýitnepesowa — Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň saglyk öýüniň maşgala lukmany;
- Aýna Baýramdurdyýewna Mätiýewa — Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň köpugurly hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminiň neonatolog lukmany;
- Parahat Annamuhammedowiç Nurýagdyýew — Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Babadaýhan etrap hassahanasynyň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň müdiri;
- Maksat Kerimberdiýewiç Bäşimow — Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Kaka etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň müdiri;
- Geldi Hajygeldiýewiç Agarow — Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziologiýa-reanimasiýa (akuşerçilik) bölüminiň müdiri;
- Orazmämmet Hydyrow — Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Psihonewrologiýa hassahanasynyň gatnaw bejeriş bölüminiň kazyýet psihiatr lukmany;
- Aýgül Begnazarowna Nazarmämmedowa — Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa we gemodializ bölüminiň müdiri;
- Muhammet Soltanowiç Saparow — Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Balkanabat şäher 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany;
- Tagangeldi Bolçowow — Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Etrek etrap hassahanasynyň Güdürolum oba saglyk öýüniň maşgala feldşeri;
- Amangül Ýegendurdyýewna Durdyjanowa — Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Etrek etrap hassahanasynyň şepagat uýasy;
- Rejepguly Aşyrow — Baş dermanhana birleşiginiň Daşoguz welaýat Dermanhana müdirliginiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni;
- Berdimyrat Alladurdyýewiç Rejepow — Lebap welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy;
- Çinargül Abdullaýewna Ilmuradowa — Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Türkmenabat şäher 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany;
- Çary Annamyradowiç Gurbanmyradow — Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Mary etrap hassahanasynyň II çagalar bölüminiň müdiri;
- Täjibossan Şamyradowna Akmyradowa — Mary welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog-immunolog lukmany.
«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly at bilen sylaglandy:
- Baýramgeldi Täşliýewiç Kakabaýew — Halkara kardiologiýa merkeziniň ýürek nogsanlyklary bölüminiň müdiri;
- Gurbanmyrat Gullyýew — Stomatologiýa merkeziniň hirurgik stomatologiýa bölüminiň stomatolog hirurg lukmany.