Angliýanyň günortasyndaky ýönekeýje öýleriň birinde adaty bolmadyk taryhy gymmatlyk — gadymy agaç stol tapyldy. Öý eýesi bu stolyň beýik iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspir bilen baglanyşygynyň bardygyndan bihabar bolansoň, ony ençeme ýyllap nahar iýýän wagty ulanyp ýören ýörüpdir. Bu barada The Telegraph neşiri gürrüň berýär.
Indi, takmynan, 200 ýyl ozal meşe agajyndan we Şekspiriň bagynda ösdürilip ýetişdirilen tut agajyndan ýasalan stol auksiona çykarylar. Onuň başlangyç bahasy 10,6 müň dollara barabar, emma onuň has gymmat bahadan satyljagyna şübhelenýän az.
Diametri 135 santimetr bolan stol 1830-njy ýylda ýasalypdyr. Onuň ýüzünde tut agajyndan ýasalan 52 sany süýri bezeg bölegi bar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, olaryň her biri Şekspiriň ömrüniň bir ýylyny alamatlandyrýan bolmaly.
Toovey’s auksion öýüniň wekili Will Rowseliň aýtmagyna görä, dramaturg tut agajyny 1609-njy ýylda patyşa Jeýkob I-niň buýrugy bilen ekipdir. Patyşa şol döwürde Angliýada ýüpek önümçiligini ösdürmäge çalşypdyr.
1756-njy ýylda agajy çapyp aýrypdyrlar – öýüň täze eýesi taryhy ýadygärligi görmäge gelýän köp sanly myhmanlardan bizar bolupdyr.
Soňra agajyň odunyndan ýazyjynyň hatyrasyna nagyşly sowgatlyklar ýasalýar. Ençeme nesil çalşylandan soň stol häzirki eýesine miras galýar.
Maşgala bu mebeliň nähilidir bir gymmatynyň bardygyny aňypdyram, ýöne ony diňe indi, öýi abatlamak zerurlygy ýüze çykandan soň satmak kararyna geleninde anyklapdyr.