Michelin öz tekerlerine çip dakyp başlady: ol nämäni yzarlaýar?

Şu gün, 12:152,308
1 / 3

Michelin kompaniýasy önümçilik tapgyrynda reziniň wulkanizirlenen gorag gatlaklarynyň arasynda ýörite çip we antenna ýerleşdirýär. Çip öndürijiniň prefiksini, önüm koduny we özboluşly seriýa belgisini saklaýar.

Şeýlelikde, her bir teker ýasap ýa-da bozup bolmaýan öz sanly pasportyna eýe bolýar. Kompaniýanyň maglumat gullugyna tekerler daşalanda, ammarlarda saklananda ýa-da gaýtadan işlenende onuň takyk ölçeglerini we modeliniň häsiýetnamalaryny anyklamak üçin bu çipleri skanirlemek ýeterlik bolýar.

Elektronika baradaky täzelik köp sürüjileri biynjalyk eden hem bolsa, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli administrasiýasynyň (NHTSA) hünärmenleri olary ulanylan RFID tehnologiýasynyň doly passiwdigini hem-de onda içki batareýanyň ýa-da energiýa çeşmesiniň ýokdugyny aýdyp köşeşdirýär.

«Çip energiýany diňe ýörite skaner tarapyndan okalýan wagty goýberilýän radiotolkunlardan alýar. Bu bolsa, golaýda degişli enjamly terminal bolmasa, çibiň giňişlige özbaşdak signal ibermäge fiziki taýdan ukyply däldigini aňladýar» diýip, hünärmenler düşündirýär.

Şeýlelikde, bu tekerleri belli bir awtomobiliň ugurlaryny gizlin yzarlamak üçin ulanmak asla mümkin däl. Bu ulgam bort kompýuteri bilen Bluetooth arkaly yzygiderli maglumat alyşýan adaty basyş ýa-da temperatura datçiklerinden düýpli tapawutlanýar.

RFID-bellik öz-özünden tekeriň näderejede sürtülip ýukalandygyny, howanyň basyşyny ýa-da ýokary tizlikde sürlende reziniň gyzma derejesini ölçäp bilenok. Şeýle parametrleri toplamak üçin maglumatlary çibe ýazýan aýratyn sensorlar gerek. Şol sebäpli sürüjiler yzarlanmak meselesinde arkaýyn bolup biler.

Bütin pudak boýunça radioýygylykly identifikasiýany ulanmak barha giňden ýaýraýar. Öndürijiniň maglumatyna görä, häzirki günde 100 milliondan gowrak teker eýýäm ultraýokary ýygylyklarda işleýän «RAIN RFID» standartly bellikler bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, dürli teker öndürijileriniň arasynda maglumatlary alyşmak we tekerler baradaky maglumatlara elýeterliligi bir umumy görnüşe getirmek maksady bilen, GDSO global guramasy döredildi.