Adama ilkinji gezek emeli aň tarapyndan döredilen wirus ýokuşdyryldy

Şu gün, 12:201,334

Amerikanyň «Radical Numbers» kompaniýasynyň barlagçylary emeli aňyň kömegi bilen döredilen bakteriofaglaryň esasynda taýýarlanan tejribe dermanyny ilkinji gezek adamda ulanyp gördüler. «The Register» neşiriniň habar bermegine görä, bu bejergi antibiotiklere durnukly bakteriýalaryň döredýän ýokanç kesellerine garşy göreşmek üçin niýetlenendir.

Bakteriofaglar bakteriýa öýjüklerine aralaşyp, olary ýokançlandyrýan wiruslardyr. Olar fag bejergisinde, şol sanda antibiotikleriň täsiri pes bolan mikroorganizmlere garşy göreşmekde ulanylýar.

«Radical Numbers» kompaniýasynyň tassyklamagyna görä, bu emeli usulda döredilen bakteriofaglaryň garyndysynyň adamy bejermek üçin ulanylan ilkinji hasaba alnan ýagdaýydyr. Näsagyň ady we diagnozy aýan edilmeýär. Tejribe adaty bejergi usullary netije bermedik ýagdaýynda hasaba alynmadyk dermanlary ulanmaga mümkinçilik berýän, «rehimdarlyk esasynda ulanmak» diýlip atlandyrylýan maksatnamanyň çäginde geçirilýär.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, barlaghana şertlerinde döredilen bakteriofaglar näsagdan alnan, antibiotiklere durnukly bakteriýanyň ştamyny ýok edipdir. Şondan soň tejribe dermany näsaga berlipdir. Emma bejerginiň netijesi we näsagyň oňa bolan täsiri barada häzirlikçe maglumat ýok.

Emeli aň bakteriofaglary nähili döretdi?

Dermany işläp taýýarlamak üçin «Radical Numbers» kompaniýasynyň «Omnii-1» atly öz emeli aň modeli ulanyldy. Şol modeliň esasynda birnäçe ýöriteleşdirilen programma döredildi. Olaryň arasynda antibiotiklere durnukly bakteriýalara garşy göreşmek üçin bakteriofaglary gözlemäge we taslamaga niýetlenen «Omnii Phage» hem bar.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, içege taýajygynyň ştamlarynyň tötänleýin saýlanan toparynda geçirilen synaglarda model 92,1 göterim ýagdaýda iň laýyk iki wariantyň arasynda degişli ştama garşy biologik işjeňligi görkezýän azyndan bir bakteriofagy teklip edipdir.

Ylmy barlagda modeliň gök iriň taýajygyna (Pseudomonas aeruginosa) täsir edýän bakteriofaglary tapmak ukyby hem beýan edilýär. Bu bakteriýanyň käbir ştamlary antibiotiklere durnukly bolup, agyr ýokanç keselleri döredip bilýär. Olar näsaglaryň ýaralaryna, ýanyk şikeslerine we mukowissidozdan ejir çekýän adamlaryň öýkenlerine zeper ýetirip biler. Şeýle-de bolsa, häzirki tejribä gatnaşýan näsagyň hut şu bakteriýa sebäpli ýüze çykan ýokanç keselinden bejergi alýandygyny tassyklaýan maglumat ýok.

«Radical Numbers» kompaniýasy ýeke-täk ýagdaýyň esasynda bejerginiň umumy howpsuzlygy ýa-da netijeliligi barada netije çykaryp bolmaýandygyny nygtaýar. Muňa garamazdan, kompaniýa bu tejribäni biologik serişdeleri kompýuterde taslamakdan we barlaghana synaglaryndan başlap, olary kliniki tejribede ulanmaga geçmek ugrunda möhüm ädim hasaplaýar.