«Al-Nasryň» we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň ogly, Portugaliýada Kristianino ady bilen tanalýan 16 ýaşly Kriştianu Ronaldu-kiçi ilkinji gezek Portugaliýanyň ýetginjekler ýygyndysyna (U17) çagyryldy. Bu barada «Record» neşiri habar berýär.
U17 ýygyndysynyň baş tälimçisi Filipe Ramuş Kristianinony 2027-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyryna gatnaşmak üçin 23 oýunçydan ybarat sanawa goşdy. Toparyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 6–17-nji noýabr aralygynda bolar. Portugaliýa oýunlary öz öýünde geçirer we Andorra (11-nji noýabr), Bolgariýa (14-nji noýabr) hem-de Serbiýa (17-nji noýabr) garşy oýnar.
Kristianino üçin bu U17 ýygyndysyna ilkinji çagyryşdyr, ýöne onuň Portugaliýanyň ýetginjekler ýygyndylarynda çykyş etmek tejribesi eýýäm bar. Onuň hasabynda U15 we U16 ýygyndylarynda geçirilen 13 oýun bar. Klub derejesinde ýarymgoragçy ornunda oýnaýan 16 ýaşly hüjümçi kakasynyň çykyş edýän «Al-Nasr» saud klubunyň ýaşlar akademiýasynda oýnaýar.