ABŞ-nyň Kongresine aralyk saýlawlarda demokratlar ynamly ýeňiş gazandylar

Şu gün, 14:462,353
1 / 2

ABŞ-nyň Demokratik partiýasy 3-nji noýabrda geçirilen aralyk saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanyp, Kongresiň iki palatasyna hem gözegçiligi öz eline aldy.

«NBC News» teleýaýlymynyň deslapky çaklamalaryna görä, demokratlar Wekiller palatasyndaky 435 orundan 255-sini, Senatdaky 100 orundan bolsa azyndan 52-sini eýelär. Şeýlelikde, olar ýurduň kanun çykaryjy edarasynda Respublikan partiýanyň köplügini elinden alarlar.

Saýlawlarda amerikalylar Wekiller palatasynyň tutuş düzümini, Senatyň üçden bir bölegini täzelediler. Şeýle-de ştatlaryň häkimlerini we ýerli kanun çykaryjy edaralaryň wekillerini saýladylar. Aralyk saýlawlar, däbe görä, hereket edýän prezidentiň we onuň partiýasynyň alyp barýan işine berilýän baha hökmünde kabul edilýär.

Demokratlar uzak wagtlap respublikanlaryň daýanjy hasaplanan ştatlarda-da üstünlik gazanmagy başardylar. Kanzas ştatynda Adam Hamilton häzirki senator Rojer Marşally ýeňdi. Demokratlar bu ştatdan Senata soňky gezek 1932-nji ýylda saýlanypdy.

Демократы уверенно побеждают на выборах в обе палаты Конгресса США

Tehasda Jeýms Talariko respublikan Ken Pakstondan üstün çykdy. Günorta Karolinada Enni Endrýus Darlin Gremi ýeňdi we ol ştata Senatda wekilçilik etjek ilkinji zenan bolar. Demokratlar Men, Demirgazyk Karolina, Aýowa we Ogaýo ştatlarynda-da ýeňiş gazandylar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp saýlawlaryň netijelerini kabul etmäge hem-de Kongresiň täze düzümi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy. Ol «The New York Times» neşirine beren interwýusynda demokratlar bilen ylalaşyklara gelmegiň mümkindigini belledi. «Fox News» teleýaýlymyna beren teswirinde bolsa respublikanlardan has ýokary netijä garaşandygyny mälim etdi. Tramp öz partiýasynyň ýeňilmegini, esasan hem, saýlaw býulleteninde öz adynyň bolmandygy bilen düşündirdi.

Ses berişligiň gutarnykly netijeleri soň mälim ediler.