Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýoly ulanmaga berildi

Düýn, 22:213,131
1 / 4

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde, sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Dabarada Balkan welaýatyndan Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, döwlet Baştutanyndan geçen ýyl düýbi tutulan Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Garabogaz serhetýaka böleginiň açylyşyna ak pata bermegini haýyş etdi. Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, ýaşulular toý bagyny kesip, täze ýol-ulag düzümini ulanmaga berdi.

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan serhetýaka böleginiň umumy uzynlygy 43,6 kilometre, ýer düşeginiň ini bolsa 27,5 metre deňdir. Ýoluň gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan ybarat bolup, howpsuzlygy we amatlylygy üpjün etmek maksady bilen, 3,5 metrlik bölüji zolak hem-de her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutuldy.

Gurluşyk işleri halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilip, toprak gatlagynyň we geotekstiliň üstünden 20 santimetrlik iki sany iri däneli çagyl-çäge, 10 santimetrlik ownuk däneli çagyl garyndylary, şeýle hem 8 santimetrlik öýjükli, 7 santimetrlik iri däneli hem-de 5 santimetrlik dykyz ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton düşeldi.

Bellenilişi ýaly, bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülip, diňe bir iki goňşy döwleti däl, eýsem, sebitleri birleşdirjek, söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ösdürjek dostluk ýoly bolar.