Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda täze himiýa desgasynyň düýbi tutuldy

Düýn, 22:441,773
1 / 9

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenen döwrebap himiýa toplumynyň düýbi tutuldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Dabaranyň dowamynda Çalık Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms hem-de Germaniýanyň Thyssenkrupp Uhde GmbH kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Nadýa Hokansson çykyş edip, ýurtda senagat we himiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi.

Ahmet Çalyk bu täze desganyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi hem-de GAP Inşaat gurluşyk kompaniýasynyň Germaniýanyň Thyssenkrupp Uhde GmbH kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu desganyň gurluşygyny halkara standartlara laýyklykda amala aşyrjakdygyna hem-de taslamany ösen tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň we ekologik taýdan arassa çemeleşmeleriň esasynda durmuşa geçirjekdigine ynandyrdy.

Täze toplumda Thyssenkrupp Uhde GmbH kompaniýasynyň ammiak, karbamid we ammiak selitrasyny öndürmek boýunça dünýäde meşhur bolan tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa serişdelerden iň ýokary derejede netijeli peýdalanmagy hem-de içki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli dökünleriň öndürilmegini üpjün eder.

Toplumyň önümçiliginiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan bir ýylda 630 million kubmetr möçberini hem-de suwuň bir ýylda deslapdan 6 million kubmetr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar.

Toplumda öndüriljek dökünler ýurduň oba hojalyk ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, eksport kuwwatyny hem ep-esli artdyrar.

Şeýle hem bu ýerde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler, bu bolsa Daşoguz welaýatynyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga itergi berer.

Döwlet Baştutany azotly dökünleri öndürýän täze toplum barada ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Ýaş nesliň wekili Türkmenistanyň Prezidentinden täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş edip, gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Dabara gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdy.