«Türkmenhimiýa» Daşoguzda dökün toplumyny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar aldy

Şu gün, 10:402,150

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitrasyny öndürýän döwrebap azotly dökünler toplumyny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Resminama daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak hem-de ýurduň himiýa pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen gol çekildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, täze desganyň esasy çig maly hökmünde tebigy gaz ulanylyp, önümçilik üçin bir ýylda deslapdan 630 million kub metr tebigy gazyň we 6 million kub metr suwuň sarp edilmegi göz öňünde tutulýar.

Toplumda öndüriljek mineral dökünler ýurduň oba hojalyk ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, eksport kuwwatyny hem ep-esli artdyrar. Şeýle hem täze önümçilik meýdançasynda 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler.