Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy

08.11.2019, 06:431,446

6-njy noýabrda Ženewada BMG-niň Milletler Köşgünde Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ženewada BMG-niň ýanyndaky Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň şeýle-de, synçy ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň 18-nji Mejlisi hem-de GH-niň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler boýunça pikir alyşdylar.
Bu ugurda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Haljanow Türkmenistanyň Prezidentiniň Bakuda geçirilen GH-niň mejlisiniň işine gatnaşmagy bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň ýakyn geljekdäki başlangyçlary we ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän uly halkara çäreler, şol sanda, Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça Halkara maslahat barada habar berdi.