Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde resmi iş kagyzlaryny kabul etmeklik dowam edýär

31.07.2025, 11:157,465

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmek işiniň dowam edýändigini habar berýär:

  1. Elektrik beketler, torlar we ulgamlar.
  2. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
  3. Elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy.
  4. Elektrogeçiriji ugurlaryny gurnamak we ulanmak.
  5. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary (energetika pudagynda).
  6. Elektrik beketlerinde suwuň, ýangyjyň we çalgy materiallaryň tehnologiýasy.
  7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
  8. Kompýuter torlary.
  9. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2025-nji ýy­lyň 18-nji aw­gus­tyna çenli ka­bul edil­ýär.
Аşgabat energetika orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Аşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda  alnyp barylýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13
Telefon belgileri: 42-83-73, 49-48-16, 49-36-01

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.