Uill Smit we Paramount täze kino taslamalary üçin şertnama baglaşdy

08.09.2025, 13:232,554

Aktýor Uill Smit tarapyndan esaslandyrylan Westbrook prodýuserlik kompaniýasy Paramount bilen şertnama baglaşdy. Onuň şertlerine görä, Smit franşiza boljak blokbasterleri döretmäge gatnaşar, Paramount bolsa olary ýaýratmak üçin hukuk gazanar diýip, Deadline habar berýär.

Käbir taslamalarda Smitiň diňe bir ýerine ýetiriji prodýuser bolman, eýsem baş keşpleri ýerine ýetiriji bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda kompaniýa onuň gatnaşmagynda eýýäm iki film taýýarlaýar – “Şeker talaňçylary” (Sugar Bandits) we “Towşan hini” (Rabbit Hole).
Mundan ozal Paramount “Gaty geň işler” serialyny döredijiler bolan doganlar Daffer, şeýle-de Call of Duty wideo oýnunyň hukuk eýeleri bilen şular ýaly uly şertnama baglaşypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.